Ï Aşgabatda 12 ýaşa çenli ýaş tennisçileriň arasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin ýaryşy geçiriler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda 12 ýaşa çenli ýaş tennisçileriň arasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin ýaryşy geçiriler

view-icon 4950
Aşgabatda 12 ýaşa çenli ýaş tennisçileriň arasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin ýaryşy geçiriler

2023-nji ýylyň iýun aýynda Türkmenistanyň paýtagtynda ýene-de halkara ýaryşy geçiriler. Bu gezek Aşgabat 12 ýaşa çenli oglan-gyzlaryň arasynda tennis boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin ýaryşyny kabul eder.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer N.Amannepesowyň aýtmagyna görä, sebit ýaryşy 5-nji iýundan 9-njy iýun aralygynda Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesiniň tennis toplumynda geçiriler. Sportuň bu görnüşiniň Halkara we Aziýa federasiýalarynyň Türkmenistanyň Tennis federasiýasy bilen bilelikde geçirýän bu ýaryşyna Owganystanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň şeýle hem Halkara we Aziýa tennis federasiýalarynyň wekilleri gatnaşarlar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Garaşsyz Türkmenistanyň sport abraýyny mundan beýläk-de belende galdyrmak, daşary ýurtlar we olaryň halklary bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin ähmiýetli bolan bu abraýly ýaryşyň paýtagtymyzda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmeginiň wajypdygyny belledi we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Bilşiňiz ýaly, Aşgabatda halkara derejeli ýaryşlar geçirilýär. 2017-nji ýylda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary we 2018-nji ýylda agyr atletika boýunça dünýä çempionaty üstünlikli geçirildi.