Ï 2023-nji ýylda futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogyna dört dalaşgär galdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

2023-nji ýylda futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogyna dört dalaşgär galdy

view-icon 3850
2023-nji ýylda futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogyna dört dalaşgär galdy
camera-icon
tff.com.tm

2023-nji ýylda futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogyna dört dalaşgär galdy. «Arkadag», «Altyn asyr», «Ahal» we «Merw» futbol toparlarynyň arasynda ähmiýeti boýunça ikinji derejeli Kubok ugrunda göreşi dowam etdirerler. Ol çärýek final oýunlarynyň netijeleri boýunça belli boldy.

Ozal habar berşimiz ýaly, «Arkadag» futbol topary paýtagtymyzyň «Köpetdag» toparyny birinji oýunda 5:1, ikinji oýunda 4:1 hasabynda ýeňlişe sezewar edip, ilkinji gezek ýarym finala çykdy.

Türkmenistanyň häzirki çempiony we Kubogynyň eýesi «Ahal» topary we ýurdumyzyň wise-çempiony «Altyn asyr» ýarym finala kynçylyksyz çykdylar.

Öz meýdançasynda «Şagadam» toparyny birinji oýunda 4:1 hasabynda utan «Ahal» topary jogap oýnunda Türkmenistanyň Kubogy-2022 ýaryşynyň finalyna çykan topary myhmançylykda hem 3:0 hasabynda utmagy başardy.

«Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň toparyndan Pirmyrat Soltanow (8-nji we 25-nji minutlarda) iki, Meýlis Diniýew (70-nji minutda) bir pökgi geçirdiler.

«Altyn asyr» topary ýarym finala çykýança Balkanabadyň «Nebitçi» toparyny iki gezek utdy. Birinji oýnunda «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň topary 1:0 hasabynda ýeňiş gazanan bolsa, jogap oýnunda Rahman Myratberdiýewiň (25-nji we 60-njy minutlarda) geçiren iki pökgüsi netijesinde Türkmenistanyň eks-çempiony 2:0 hasabynda utdy.

Emma soňky finalçynyň ykbaly dartgynly göreşde belli boldy. Maryda geçen birinji oýunda «Merw» topary «Aşgabat» toparyndan 3:1 hasabynda üstün çykdy. Ikinji, jogap oýnunda «Aşgabat» topary Röwşen Baýlyýewiň (21-nji minutda) we Begmyrat Pirgulyýewiň (53-nji minutda) takyk urgularyndan soň iki pökgi tapawudy bilen öňe saýlandy. Duşuşygyň ahyrynda Mary toparynyň ussat oýunçysy Alibek Abdurahmanow 88-nji minutda 11 metrlik jerime urgusyndan birinji we goşmaça berlen wagtyň birinji minutynda ikinji pökgini garşydaşlarynyň toruna saldy. Duşuşyk 2:2 hasabynda deň tamamlandy, iki duşuşygyň jemi boýunça «Merw» topary ýarym finala çykdy.

1/2 finalda «Merw» – «Ahal», «Altyn asyr» – «Arkadag» toparlary duşuşarlar.

Ýarym final we jemleýji oýunlaryň senesi soňra yglan ediler.