Ï Süleýman Hudaýberdiýew: «Dünýäniň iň ökde tennisçisi bolmagy arzuw edýärin»
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Süleýman Hudaýberdiýew: «Dünýäniň iň ökde tennisçisi bolmagy arzuw edýärin»

view-icon 4099
Süleýman Hudaýberdiýew: «Dünýäniň iň ökde tennisçisi bolmagy arzuw edýärin»

12 ýaşly we ondan kiçi oglan-gyzlaryň arasynda tennis boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň birinjiliginde Gazagystanyň ýygyndy toparyndan ýeňlişden (0:3) soň, Türkmenistanyň ýaşlar toparynyň birinji oýunçysy Süleýman Hudaýberdiýew biz bilen bolan söhbetdeşlikde şeýle diýdi:

– Bu gezek gazagystanlylar güýçli çykdy. Zyýany ýok. Biz heniz ýaş. Türgenleşeris. Indiki gezek utarys.

– Özbek tennisçisi Islomjon Tursonow bilen gaty gowy oýnadyň, oňa iki setde bary-ýogy üç döw berdiň – 6:1, 6:2.

– Hawa, Özbegistan bilen indiki duşuşyga özümi taýýarladym, bu oýun şu wagta çenli iň gowy oýnum boldy. Men meýdançada özümi gaty ynamly duýdum. Birinji setdäki ýeňiş bolsa meniň güýjüme güýç goşup, ynamymy artdyrdy.

– Täjigistan bilen bolan oýunda hiç hili kynçylyk çekmediň öýdýän.

– Hawa, birinji setde garşydaşym göreşmedi, ikinji setde has gowy oýnap, topuň yzyndan ylgap başlady.

– Janköýerleriň goldawy topara köp kömek etdimi?

– Goldawlary üçin janköýerlere sag bolsun aýdýaryn. Ýöne kortda hemme zat diňe oýunça bagly. Men örän köp türgenleşdim, ýeňiş gazanmak islegim uludy, oglanlar bilen 2-nji ýeri eýeläp, 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda Astana şäherinde geçiriljek Aziýa çempionatyna gatnaşmaga ilkinji gezek hukuk alanymyza begenýärin. Ajaýyp kortlar gurup, türgenleşmäge mümkinçilik döredeni üçin, hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza köp sag bolsun aýdýaryn.

– Merkezi Aziýa Birinjiliginiň kümüş medaly ilkinji medalyňmy?

– Medallarym köp, ýöne mundan öň olary diňe milli ýaryşlarda gazanýardym. Merkezi Aziýa Birinjiliginiň kümüş medaly – halkara ýaryşlarynda alan ilkinji medalym. Şonuň üçinem ol meniň üçin örän eziz.

– Tennis bilen haçan meşgullanyp başladyň?

– 6 ýaşdan. Meni tennise ata-enem alyp geldi.

– Maşgalaňyz sportçy maşgalasymy?

– Kakam – telekeçi, ejem – hasapçy. Ikisi-de sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barýarlar – fitnes bilen meşgullanýarlar.

– Tälimçiler, ýaşyň kiçiligine garamazdan, iňlis dilini kämil bilýäňiz, diýýärler.

– Hawa, amerikan mekdebinde bäş ýyl okadym. Ýakynda ene dilimi ýatdan çykarmazlyk üçin, türkmen mekdebine geçdim.

– Kim bolmak isleýärsiň?

– Beýik tennisçi bolmak arzuwym bar. Dünýäniň iň ezber tennisçisi bolup, Türkmenistana şöhrat getirmek isleýärin!