Gruziýanyň Batumi şäherinde geçirilen küşt boýunça dünýä birinjiliginden 16 ýaşly Leýla Şöhradowa Türkmenistana bürünç medal alyp geldi. “Rapid” formatda çykyş eden Lebap welaýatynyň Dänew etrabyndaky 31-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy, 16 ýaşdan geçmedik gyzlar toparynda diňe Russiýanyň we Belarusyň wekillerinden yza galmak bilen, mümkin bolan 11 utukdan 8 utuk toplady.
Şowsuz başlangyja (ilkinji iki oýunda iki ýeňliş) garamazdan, Leýla özüni ele aldy we birden depgini güýçlendirmek bilen, galan 9 tapgyrda 8 utuk toplady.
“Rapid” düzgüni boýunça, her göçüm üçin 10 sekunt goşmak bilen, her oýunça 15 minut wagt berilýär.
Bu ýaryş tamamlanandan soň, Leýla “blits” formatynda başga bir medal ugrunda göreşe başlady, bu formatda her göçüm üçin 2 sekunt goşmak bilen, her oýunça 3 minut wagt berilýär. Ilkinji 6 tapgyrda Leýla 3 utuk toplady we 16 ýaşa çenli toparda 21 oýunçynyň arasynda 8-nji orunda barýar. Galan tapgyrlarda bolsa ýagdaýyny gowulaşdyrmagy umyt edýär.
Türkmenistandan dünýä birinjiligine 8 ýaşdan 18 ýaş aralygyndaky toparlarda jemi 12 sany iň gowy küştçi (6 gyz we 6 oglan) geldi.
Medallar ugrunda dünýäniň 35 ýurdundan 500 töweregi ýaş küştçi bäsleşýär.
Topary ýaryşyň dowamynda tejribeli hünärmenler – Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Serdar Annaberdiýew we toparyň ýolbaşçysy Sona Jumagulyýewa taýýarlaýar.