Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň futbolçylary Merkezi Aziýa Futbol Assosiasiýasynyň Milletler Kubogy ýasryşyndaky (CAFA) birinji oýnunda Täjigistanyň topary bilen 1: 1 hasabynda deň oýnadylar.
Ilkinji gezek CAFA Milletler Kubogy-2023 ýaryşy Bişkekde we Daşkentde ýaryşyň birinji tapgyrynda iki topara bölünen ýedi toparyň gatnaşmagynda geçirilýär. Türkmenistan «A» toparda Özbegistanyň, Täjigistanyň we Omanyň toparlary bilen birlikde Daşkentde geçiriljek oýunlarda çykyş eder. Eýranyň, Gyrgyzystanyň we Owganystanyň milli ýygyndylary «B» toparda Bişkekde oýnaýarlar.
CAFA Nations Cup-2023 ýaryşynyň düzgünlerine laýyklykda toparlaryň ýeňijileri finalda baş baýrak ugrunda bäsleşerler. Toparlarda ikinji orny eýelän toparlar ýaryşyň bürünç medaly ugrunda bäsleşler.
CAFA Nations Cup-2023 ýaryşynda geçiriljek oýna çenli Türkmenistanyň we Täjigistanyň milli ýygyndylary sekiz gezek duşuşdylar. Toparlaryň hersi üç gezek utdy, iki duşuşyk deň tamamlandy. «Pahtakor» stadionynda geçirilen dokuzynjy oýna garşydaşlar seresaply başladylar. Toparlar birinji ýarymyň ahyryna çenli ýekeje-de howply pursat döretmediler. Arakesmeden soň oýnuň depgini güýçlendi. Oýundaky ilkinji howply pursat 48-nji minutda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň derwezesiniň öňünde boldy. Meýdançanyň çep tarapyndan berlen top iki goragça degip, tasdan derwezä giripdi, ýöne oýnuň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edilen derwezeban Resul Çaryýew ony tutup ýetişdi. Duşuşygyň 56-njy minutynda Manuçehr Safarow pökgini dürs urup, Manuçehr Jalilowy R.Çaryýew bilen ýüzbe-ýüz çykardy, ýöne derwezeban ondan rüstem çykdy. Şondan bir minut geçensoň türkmenistanlylar sag tarapda çalt garşylyklaýyn hüjüm gurap, hasaby açdylar. Begmyrat Baýowyň jerime meýdançasynyň sag burçundan depen pökgüsini derwezeban Rustam Ýatimow yzyna gaýtardy. Oňa ýetişen Myrat Annaýew çep aýagy bilen topy ýakyn aralykdan tora saldy, netijede Türkmenistanyň milli ýygyndysy 1: 0 hasabynda öňe çykdy. Täjigistanly futbolçylar oýnuň tamamlanmagyna az wagt galanda hasaby deňlediler. 86-njy minutda jerime meýdançasyna uzak aralykdan geçirilen topa goragçylar ýetişmänsoň şondan 13 minut öň meýdança çykan Nuriddin Hamrokulow pökgä eýe çykyp, dokuz metrden ony takyk urdy - 1: 1 .
Oýun tamamlanýança hasap üýtgemedi.
Şeýlelikde, Türkmenistanyň we Täjigistanyň milli ýygyndylary ilkinji utugyny gazandylar. «A» toparda birinji tapgyrdan soň «Bunyodkor» stadionynda Omanyň toparyny 3: 0 hasabynda utup 3 utuk gazanan Özbegistanyň futbolçylary öňe saýlandylar. Oýnuň birinji ýarymynda Jaloliddin Maşaripow (7-nji we 24-nji minutlarda) iki pökgi geçirdi . Üçünji pökgini Hožiakbar Alijonow (89-njy minutda) tora girizdi.
CAFA Nations Cup ýaryşynda indiki oýunda Türkmenistanyň milli ýygyndysy 14-nji iýunda Özbegistanyň topary bilen oýnar. Täjigistanyň oýunçylary şol gün Omanyň milli ýygyndysy bilen duşuşar.
Türkmenistanly FIFA-nyň emini Çarymyrat Gurbanow eminlik eden «B» toparynyň ilkinji oýnunda Gyrgyzystanyň milli ýygyndysy Dolen Omurzakow adyndaky stadionda Owganystanyň toparyny 1: 0 hasabynda utdy. Oýnuň soňky minutlarynda ýeňiş pökgüsini Ernist Batyrkanow tora girizdi.
Bu toparyň indiki oýnunda 13-nji iýunda Owganystanyň we Eýranyň toparlary , soňky tapgyrda 16-njy iýunda bolsa Gyrgyzystanyň we Eýranyň toparlary duşuşarlar.
CAFA Nations Cup-2023-iň soňky oýny 20-nji iýunda Daşkentde geçiriler.