Ï Türkmenistanly agyr atletikaçy Gawanada geçirilýän Baş Baýrak ýaryşynda kümüş medal gazandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanly agyr atletikaçy Gawanada geçirilýän Baş Baýrak ýaryşynda kümüş medal gazandy

view-icon 6219
Türkmenistanly agyr atletikaçy Gawanada geçirilýän Baş Baýrak ýaryşynda kümüş medal gazandy

Türkmenistandan Gaýgysyz Töräýew Agyr atletika halkara federasiýasynyň (IWF) Gawanada (Kuba) geçirýän Olimpiýa oýunlaryna saýlama Baş Baýrak ýaryşynda ştangany silterläp, itekläp götermekde we iki synanyşygyň jemi boýunça üç kümüş medal eýeledi.

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 2-nji ýyl talyby 13 türgen teklip edilen Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna girmeýän 81 kilograma çenli agram derejesinde şeýle üstünlik gazandy. Türgenleriň agramy çekilenden soň olaryň bäşisi, şol sanda Italiýadan Oskar Reýes we 73 kilograma çenli agram derejesinde Ýewropa çempionatynyň kümüş medalynyň eýesi ispaniýaly Dawid Sançes ýaryşa goýberilmedi. Beýleki bir türgen-- Tunisden Afrikanyň sekiz gezek çempiony Karem Ben Hnia ýaryşa çep aýagy şikesli çykdy. Ol iki hepde türgenleşmändi, şonuň üçinem ýekeje (141 kg), birinji synanşygynda medal gazanmagyň hötdesinden geldi.

Ştangany silterläp götermekde bürünç medal gazanan tunisli agyr atletikaçy göreşini bes etdi. Netijede 7 türgen ştangany itekläp götermekde we iki synanyşygyň jemi boýunça bäsleşmeli boldy.

Gaýgysyz alty synanşygyň üçüsini netijeli tamamlap, jemi 319 kg (silterläp - 144, itekläp - 175) ştanga göterdi. Netijede ildeşimiz «B» toparda çykyş edip, - 313 kg (140 + 173) agrama bäs gelen Samuel Guertinden (Kanada) 6 kg agyr, 2021 we 2022-nji ýyllarda iki gezek dünýä çempiony, Tokioda geçirilen Olimpiýa oýunlarynyň bürünç medalynyň eýesi 73 kilograma çenli agram derejesinde 358 kg (156 + 202) netije görkezen Rahmat Erwin Abdulladan (Indoneziýa) - 39 kg az ştanga göterdi.

19 ýaşly sport ussady Gaýgysyz Töräýew Sakarçäge etrabynda tälimçi Şatlyk Durdygylyjowyň ýolbaşçylygynda agyr atletika bilen meşgullanyp başlady. Häzirki wagtda ol milli ýygyndynyň baş tälimçisi Mansur Rejebowyň ýolbaşçylygynda ussatlygyny kämilleşdirýär.

Bu ýaryşa Türkmenistandan üç agyr atletikaçy gatnaşýar. Erkekleriň arasynda 89 kilograma çenli agram derejesinde 23 ýaşly Şatlyk Şöhradow 81 kilograma çenli, zenanlaryň arasynda bolsa 59 kilograma çenli agram derejesinde 2020-nji ýylyň Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medalynyň eýesi Polina Gurýewa 81 kg çenli agramda medallar ugrunda göreşerler. Ol Garaşsyz Türkmenistanyň taryhynda Olimpiýa oýunlarynda ilkinji medal gazanan türgen gyzynyň birinji çykyşy bolar.

Gawanda geçirilýän Agyr atletika halkara federasiýasynyň Baş Baýrak ýaryşy 18-nji iýunda tamamlanar.