Ï «Altyn asyr» Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň kubogyna eýe boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Altyn asyr» Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň kubogyna eýe boldy

view-icon 5559
«Altyn asyr» Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň kubogyna eýe boldy

Paýtagtymyzyň «Altyn asyr» furbol topary Aşgabatda tamamlanan ýaryşda üstünlikli çykyş edip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň kubogyna eýe boldy.

Hormat baýragy ugrunda bir aýlawly ýaryşda ýokary liganyň 6 topary bäsleşdi.

Jemleýji tapgyrdan öň FFT kubogyna diňe iki topar – «Altyn asyr» we ondan 2 utuk yzda barýan «Merw» mynasyp görülýärdi.

«Merw» bilen duşuşykdan öň «Altyn asyr» «Ahaly» 2:1, «Aşgabady» 3:0, Türkmenbaşynyň «Şagadamyny» 2:0 we Marynyň «Energetigini» 4:0 hasabynda utup, dört ýeňiş gazandy. «Merw» bolsa «Aşgabady» 4:1, «Şagadamy» 3:1, «Energetigi» 2:1 hasabynda ýeňip, «Ahal» bilen deň oýnady (2:2).

Paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabynyň «Sport toplumy» stadionynda geçirilen aýgytlaýjy oýunda ýaryşyň ýeňijisi bolmak üçin, «Altyn asyry» deň hasap hem kanagatlandyrýardy. Şeýle-de bolsa, Türkmenistanyň wise-çempiony deň hasaby saklamak maksady bilen oýnamady we arakesmeden öň garşydaşynyň derwezesine bir top geçirdi. Muny 40-njy minutda Didar Didarow amala aşyrdy. Oýnuň tamamlanmagyna galan wagtda «Merw» jogap pökgüsini salyp bilmedi.

Netijede, bäş ýeňişden bäşisinem gazanyp, «Altyn asyr» ilkinji gezek Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň kubogyna eýe boldy. «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň toparyny bu üstünlige Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýew alyp geldi.

Ikinji orny 10 utukly «Merw» eýeledi. Ilkinji üçlügiň soňky ornuny 9 utukly «Şagadam» eýeledi.

Türkmenistanyň häzirki çempiony «Ahal» topary 7 utuk bilen dördünji orny eýeledi.

Bäşinji orun ugrundaky oýunda Söhbet Allanurowyň (jerime urgusyndan 43-nji minutda) we Röwşan Baýlyýewiň (84-nji minutda) amala aşyran takyk urgulary netijesinde, «Aşgabat» topary «Energetigi» 2:0 hasabynda utdy, mundan soň «Energetik» ýaryş sanawynyň iň soňundan orun aldy.