Ï Türkmenistanyň Tennis federasiýasy 14 tälimçä ITF Level 1 halkara derejeli ygtyýarnama berdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Tennis federasiýasy 14 tälimçä ITF Level 1 halkara derejeli ygtyýarnama berdi

view-icon 4813
Türkmenistanyň Tennis federasiýasy 14 tälimçä ITF Level 1 halkara derejeli ygtyýarnama berdi

Türkmenistandan 14 tälimçi başlangyç we orta derejeli oýunçylara tälim bermäge rugsat berýän ITF Level 1 halkara tennis derejesine mynasyp boldy. Degişli şahadatnamalar Halkara tennis federasiýasynyň (ITF) howandarlygynda Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesinde geçirilen seminaryň netijelerinden soň gowşuryldy.

14 günlük okuwy polşaly ITF hünärmeni Pýotr Unežiski geçirdi. Okuwyň maksatnamasynda nazaryýet we amaly synaglar bardy, olaryň jemi boýunça synagdan üstünlikli geçen tälimçiler ITF Level 1 derejeli şahadatnamalara mynasyp boldular. 

Geçen ýyl Dewisiň Kubogy ýaryşynyň Aziýa we Okeaniýa zolagynyň IV toparynyň ýeňijisi, köp sanly halkara we milli ýaryşlarda baýrakly orunlary eýelän, ITF-iň prezidentiniň ýanyndaky Dewisiň Kubogy we Billi Jing Kingiň Kubogy ugrunda ýaryşlary geçirmek boýunça halkara iş toparynyň agzasy, sport ussady Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasyna ýolbaşçylyk edeni bäri gurama tälimçileriň bilim almagyna, olaryň hünär taýdan ösmegine uly üns berýär. 

Netijede, häzirki wagtda Türkmenistanda ITF Play Tennis giriş okuwyny geçen 40-dan gowrak ygtyýarnamaly tälimçi çagalara we ýaňy oýnap başlanlara tälim berýär, indi ITF Level 1 derejeli şahadatnamaly halypalaryň sany 18-e ýetdi. 

Türkmenistanyň Tennis federasiýasy diňe munuň bilen kanagatlanmaýar, guramanyň ýolbaşçylary ITF-iň we Halkara olimpiýa komitetiniň ýardam bermeginde ýurdumyzyň erkekler toparynyň we «Aşgabat» tennis akademiýasynyň 30 ýaşly baş tälimçisi Mirali Gasanowyň PRO derejeli okuwy üçin ýer almagy gazandy. 

Bir aý dowam eden onlaýn okuwyň jemi boýunça ol synagdan üstünlikli geçdi we meşhur Dawid Ferreriň Walensiýadaky (Ispaniýa) Tennis akademiýasynda gündizki okuwyna kabul edildi. Tälimçi bu okuwy üstünlikli tamamlasa, dünýäniň islendik ýurdunda professional oýunçylar bilen işlemäge mümkinçilik berýän Türkmenistandan Level PRO derejeli şahadatnamasyny alan ilkinji tälimçi bolar.