Ï Türkmenistanly küştçüler mekdep okuwçylarynyň arasynda Daşkentde geçirilýän Aziýa çempionatyna şowly başladylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanly küştçüler mekdep okuwçylarynyň arasynda Daşkentde geçirilýän Aziýa çempionatyna şowly başladylar

view-icon 9582
Türkmenistanly küştçüler mekdep okuwçylarynyň arasynda Daşkentde geçirilýän Aziýa çempionatyna şowly başladylar

Mekdep okuwçylarynyň arasynda küşt boýunça Daşkentde geçirilýän Aziýa çempionatynyň başy Türkmenistanyň küştçüleri üçin şowly boldy.

Bäsleşige Aziýa we Awstraliýa yklymlarynyň 17 ýurdundan, şol sanda Hindistan, Hytaý, Mongoliýa, Gazagystan we Özbegistan ýaly küştçülieri güýçli ýurtlardan rapid (çalt göçümli), nusgawy we blis (dessin göçümli) görnüşlerde çempionatyň baýraklary ugrunda 7, 9, 11, 13, 15 we 17 ýaşa çenli küştçüler derejelerinde 330 türgen gatnaşýar.

Mekdep okuwçylarynyň arasynda 17-nji gezek geçirilýän Aziýa çempionaty rapid boýunça ýaryş bilen başlandy, onda uly ýaşlylaryň - 17 ýaşa çenli küştçüleriň arasynda ildeşlerimiz iki medal gazandylar. Küşdüň bu görnüşinde oýunça tutuş döwe 15 minut, her göçümine goşmaça10 sekunt wagt berilýär. Gyzlaryň arasynda geçirilen bäsleşikde Lebap welaýatynyň Dänew etrabyndaky 31-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Läle Şöhradowa kümüş medala mynasyp boldy, Aşgabat şäherindäki 117-nji mekdebiň okuwçysy Amanmuhammet Hommadow oglanlaryň bäsleşiginde bürünç medal eýeledi.

Mümkin bolan 7 utukdan 5 utuk toplan Läle özbegistanly boýdaşy Umida Omonowadan bir utuk yza galdy, ol bir aý ozal Batumide (Gruziýa) şu derejede dünýä çempiony bolupdy. Goşmaça görkezijiler boýunça ikinji orny L. Şöhradowa gideren Hindistandan Kaşthuri 5 utuk bilen üçünji orny eýeledi.

Ýöne mümkin bolan 7 utukdan 5.5 utuk toplan Amanmuhammet Hommadow üçin goşmaça görkezijisi ýetik bolmady. Ildeşimiz bilen deň utuk toplan russiýaly Aleksandr Hripaçenko ikinji orny eýeledi. Mongoliýaly Hişigbat Ulzihişig bu ýaş toparynda mümkin bolan 7 utukdan 6.5 utuk gazanyp, öňe saýlandy.

Bu Amanmuhammediň halkara ýaryşlarynda «ýüzbe-ýüz», ýagny tagta başynda (onlaýn ýaryşlardan tapawutlylykda) gazanan ilkinji medalydyr.

Maryly 10 ýaşly Alyhan Batyrow Aziýa çempionatynyň ýene bir medalyny alyp biljekdi. Ol 32 küştçüniň gatnaşan ýaşy 11-e çenli küştçüleriň arasyna beýleki bäş türgen bilen deň - 5.5 utuk toplap, ilkinji bäş orny paýlaşdy. Şeýle-de bolsa, goşmaça görkezijä laýyklykda bürünç medal gazanan Süleýman Ahmetden (Gazagystan), kümüş medal eýelän Şahzod Yslamowdan (Özbegistan) we çempion Winuk Wijeratkhnadan (Şri-Lanka) soň 4-nji orny eýeledi.

Mekdep okuwçylarynyň arasynda Aziýa çempionatynda Türkmenistana 12 çempion - ýaş derejeleriniň hersinden biri we birnäçe goşmaça oýunçy wekilçilik edýär.

Aziýa çempionatynyň medallarynyň indiki toplumy ugrunda mekdep okuwçylary nusgawy wagt çäklendirme usulynda bäsleşerler.