Ï Türkmenistanyň ýygyndy topary CAFA Futsal Cup-2023 ýaryşynyň başynda Aziýanyň 12 gezek çempionyny utup, ýeňiş gazandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň ýygyndy topary CAFA Futsal Cup-2023 ýaryşynyň başynda Aziýanyň 12 gezek çempionyny utup, ýeňiş gazandy

view-icon 6748
Türkmenistanyň ýygyndy topary CAFA Futsal Cup-2023 ýaryşynyň başynda Aziýanyň 12 gezek çempionyny utup, ýeňiş gazandy

Türkmenistanyň topary Täjigistanyň paýtagtynda başlanan CAFA Futsal Cup-2023 ýaryşynda taryhda ilkinji gezek Eýranyň toparyny utmagy başardy. Duşanbe şäherindäki köpugurly sport toplumynyň meýdançasynda – Tennis we suw sport köşgünde geçen duşuşyk 2:1 hasabynda ildeşlerimiziň peýdasyna tamamlandy.

Uzak ýyllaryň dowamynda Aziýanyň 12 gezek çempiony we 2016-njy ýylda Kolumbiýada geçirilen dünýä çempionatynda bürünç medal gazanan Eýranyň topary türkmen futzalçylary üçin ýeňip bolmajak bäsdeşdi. Toparlar bu oýundan öň bäş gezek duşuşypdy. Duşuşyklaryň ählisinde-de eýranlylar ýeňiş gazanypdy. Özi-de diňe bir oýunda watandaşlarymyz eýranlylaryň derwezesine top geçiripdi, ýagny 2009-njy ýylda Wýetnamda ýapyk binalarda geçirilen 3-nji Aziýa oýunlarynyň toparlar duşuşyklary tapgyrynda 3:8 hasabynda utulypdy. Beýleki duşuşyklarda ildeşlerimiziň garşydaşy derwezesine ýeke pökgi hem goýbermedi, 2006-njy ýylda Daşkentde geçirilen Aziýa çempionatynda 14:0, ýapyk binalarda geçirilen 3-nji Aziýa oýunlarynyň ýarym finalynda 13:0, 2019-njy ýylyň 23-nji oktýabrynda Eýranyň Urmiýa şäherinde geçirilen 2022-nji ýyldaky Aziýa çempionatynyň saýlama ýaryşynda 4:0, 2022-nji ýylda Bişkekde geçirilen Aziýa çempionatynda 3:0 hasabynda ýeňiş gazanypdy.

Geçen ýyldan bäri Türkmenistanyň futzal ýygyndy toparyna geljegi uly ýaş oýunçylar goşuldy. Şu ýyl tälimçiler topary hem täzelendi – topara Türkmenistanyň häzirki üç gezek çempiony «Deňizçiniň» baş tälimçisi Ýakup Öwezow ýolbaşçylyk etdi.

CAFA Futsal Cup-2023 ýaryşynda ýurduň «Deňizçi», «Köpetdag» we «Senagatbank» toparlaryndan 2 derwezeban we meýdança oýunçylarynyň 12-si Türkmenistanyň sport abraýyny 14 futzalçy goraýar.

Ýakup Öwezowyň tälim berýän oýunçylarynyň ilkinji oýny Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň derwezesiniň öňünde köp howply pursatlary döreden garşydaşynyň artykmaçlygynda geçdi. Diňe derwezebanymyz Pirguly Gylyçmyradowyň ussatlygy, şeýle hem hüjümleriň soňky tapgyrynda şowsuzlyk eýranlylara hasap açmaga mümkinçilik bermedi.

Oýnuň birinji ýarymy iki tarapa-da üstünlik getirmedi – ol 0:0 hasabynda deň tamamlandy.

32-nji minudyň ahyrynda Gylyçmyrat Gylyçmyradow güýçli urgy bilen Türkmenistanyň milli ýygyndysyny öňe çykardy – 1:0. Şondan 35 sekunt geçip-geçmänkä Ali Akrami topy derwezäniň sag tarapynyň ýokarky burçuna dürs gönderip, hasaby deňledi – 1:1.

Oýun gutarmagyna az wagt galanda ildeşlerimiz üstünlik gazandylar. 39-njy minutda türkmenistanlylar öz meýdançasyndan jerime urgusyny urdular. Gylyçmyrat Gylyçmyradow pökgini Mülkaman Annagulýewe geçirdi. Ol pökgini dessine derwezäniň gaýraky sütünine, Maksat Soltanowam şol ýerden topy kellesi bilen derwezäniň goralmaýan burçuna gönükdirdi.

Birnäçe sekuntdan soň eýranlylarda hasaby deňlemäge mümkinçilik döredi, ýöne garşydaşlaryň oýunçysynyň 6 metrden depen pökgüsi derwezäniň gapdalyndan geçdi.

Duşuşygyň tamamlanmagyna bir ýarym minut galanda, eýranlylar derwezebana derek altynjy oýunçyny meýdança goýberdiler. Ýöne toparymyz goragda ygtybarly oýnady we garşydaşyna gol geçirmäge mümkinçilik bermedi.

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Ýakup Öwezow oýundan soň: «Bu, meniň üçin uly ýaryş. Geljegi uly ýaş oýunçylardan ybarat täze topar düzýäris. Toparyň öňki düzüminden 5 oýunçy galdy. Oktýabr aýynda 2024-nji ýylda geçiriljek AFK Aziýa kubogynyň saýlama oýunlaryndan öň täze oýunçylary synamak üçin CAFA Futsal Cup-2023 ýaryşyna synag toparyny getirdik. Maksadymyz her oýunda ýeňiş gazanmak. Güýçli garşydaşymyzdan ýeňiş gazanandygymyza begenýärin. Bu biziň toparymyz we ýaş ýigitler üçin gowy başlangyç» – diýdi. 

Duşuşygyň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edilen toparymyzyň derwezebany Pirguly Gylyçmyradow hem ilkinji oýundan galan täsirlerini şeýle beýan etdi: «Bu gün örän agzybir oýnadyk, olam bu gün gowy netije berdi. Men öz oýnumdan hem we toparyň oýnundan hem diýseň hoşal» – diýip, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň we «Senagatbank» futzal klubunyň derwezebany Pirguly Gylyçmyradow aýtdy.

Ol şeýle hem Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň bu ýaryşda gowy oýnamaga çalyşjakdygyny we 7-nji oktýabrdan 11-nji oktýabr aralygynda Bangkokda geçiriljek Aziýa Kubogy-2024 ýaryşyna saýlama tapgyryna ýerlikli taýýarlanmalydygyny, onda ýurdumyzyň futzalçylarynyň Tailandyň, Gonkongyň we Hytaýyň toparlary bilen duşuşjakdygyny aýtdy.

Sebitiň alty ýurdunyň – Owganystanyň, Eýranyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň toparlary CAFA Futsal Cup-2023 ýaryşynyň medallary ugrunda göreşýärler. Toparlar bir aýlaw oýnarlar. Ýaryşyň ýeňijisi gazanan utuklary esasynda kesgitlener.

Indiki tapgyrda Türkmenistanyň milli ýygyndysy meýdança eýeleri - birinji tapgyrda Özbegistanyň toparyndan 2:4 hasabynda utulan täjigistanlylar bilen oýnar. Beýleki bir oýunda Owganystanyň ýygyndysy Gyrgyzystanyň toparyndan 5:4 hasabynda rüstem geldi.

CAFA Futsal Cup-2023 halkara ýaryşy 30-njy iýulda tamamlanar.