Ï Ussat türgenlere belent sarpa
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ussat türgenlere belent sarpa

view-icon 6724
Ussat türgenlere belent sarpa

Berkarar döwletimiziň ähli künjeginde häzirkizaman enjamlary bilen üpjün edilen döwrebap sport mekdepleriniň, sport meýdançalarynyň, stadionlaryň gurlup, ulanylmaga berilmegi zehinli ýaş türgenleriň ýüze çykmagyna, sportuň ähli görnüşiniň ösmegine, türgenlerimiziň dünýä derejesindäki ýaryşlarda şowly çykyş etmeklerine giň şertler döredýär. Türkmen türgenleri bolsa, halkara derejesindäki dürli ýaryşlarda ýokary netijeler gazanyp, Ýaşyl tugumyzy al-asmanda parladýarlar. Şonuň bilen birlikde halkara bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, ýokary netijeler gazanan, türkmen sportunyň şanyny arşa göteren ussat türgenler döwletimiz tarapyndan aýratyn aladalar bilen gurşalyp alynýar.

Ýaňy-ýakynda Gazagystanyň Astana şäherinde guşak göreşi boýunça geçirilen dünýä çempionatynda türkmen türgenleri dürli derejedäki medallaryň 11 sanysyny gazanmaklygy başardylar. Bu çempionatda üstünlikli çykyş eden türgenleriň hatarynda Türkmenabat şäherinden Jemal Öwlüýägulyýewanyň kümüş, welaýatyň Saýat etrabyndan Guwanç Hemraýewiň bürünç medala mynasyp bolandyklaryny bellemek bolar. Jemal Öwlüýägulyýewanyň şu ýyl Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutyny tamamlap, Türkmenabat şäherine ýaş türgenleri taýýarlamaklyga iberilendigi, Guwanç Hemraýewiň bolsa, şu ýyl umumybilim berýän orta mekdebi tamamlap, ýokrda ady agzalan ýokary okuw mekdebine okuwa girmeklige taýýarlanýandygy sportuň bu görnüşiniň hatarynyň ussatlar bilen berkidilýändigine, geljekde has-da ösmekligi üçin giň ýol açylýandygyna şaýatlyk edýär.

Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçirilen küşt boýunça Aziýanyň açyk çempionatynda hem türkmen türgenleriniň şowly çykyş edendiklerini bellemek buýsançlydyr. Bu gadymy oýnuň dürli ugurlar boýunça geçirilen bäsleşiklerinde ildeşlerimiz dürli derejelli medallaryň 7-sini gazanmaklygy başardylar. Lebap wäelaýatynyň Dänew etrabyndaky 31-nji orta mekdebiň okuwçysy, bu etrapdaky 2-nji sport mekdebinde tälim alýan Läle Şöhradowa bäsleşigiň rapid hem-de blis ýaryşlarynda üçünji orna mynasyp bolup, bürünç medallaryň 2-sini gazanmaklygy başardy. Şeýle hem bu çempionatda Türkmenabat şäherindäki 13-nji sport mekdebiň okuwçylarynyň 2-si şowly çykyş edip, kümüş medallaryň üçüsini eýelemekligi başardylar.

Sportuň guşak we küşt görnüşleri boýunça halkara ýaryşlarynda üstünlikli çykyş eden lebaply türgenleriň şowly çykyşlary mynasybetli Türkmenabat şäher häkimliginde dabaraly maslahat geçirilip, onda türkmen sportunyň dünýä derejesinde barha artýan abraýy, türgenlerimiziň gazanýan üstünlikleri barada çykyşlara giň gerim berildi. şeýle hem bäsleşiklerde şowly çykyş eden türgenlere hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Dabaraly maslahat welaýatyň medeniýet hem-de sungat işgärleriniň şowhunly çykyşlary bilen utgaşdy.