Ï Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentdäki Aziýa ýaşlar hokkeý lagerine gatnaşýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentdäki Aziýa ýaşlar hokkeý lagerine gatnaşýar

view-icon 6376
Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentdäki Aziýa ýaşlar hokkeý lagerine gatnaşýar

Türkmenistanyň üç adamdan ybarat wekiliýeti Daşkentde geçiriljek ilkinji Aziýa ýaşlar hokkeý lagerine gatnaşýar.

Türgenleriň iş tertibinde boş wagt ýok diýen ýaly. Kanadaly, Şweýsariýaly, Finlýandiýaly, Şwesiýaly hünärmenleriň ýolbaşçylygyndaky okuwlar maslahatlar görnüşinde her gün buzuň üstünde-de, buzsuz-da geçirilýär. Aziýanyň, şeýle hem Awstraliýanyň we Täze Zelandiýanyň 40 töweregi milli olimpiýa komitetiniň wekillerini üç topara bödüler – iki erkekler, bir zenanlar topary.

– Aziýanyň dürli künjeginden gelen şunça türgeni we tälimçini bir ýerde görmek diýseň ýakymly. Bu – ajaýyp we gutlaga mynasyp başlangyç – diýip, hokkeý lageriniň tälimçilerinden biri Kori Maknabba aýtdy.

– Hokkeýde öwrenje däldigime garamazdan, özüm üçin köp täze zatlary öwrenýärin, bular geljekde hünärimde peýdaly bolar, – diýip, türkmen wekiliýetiniň bir agzasy Ahmet Gurbanow aýtdy.

Ýaşlar hokkeý lageri 7-nji awgusta çenli dowam eder.