Ï Türkmenistanda Kuraş göreşi boýunça Dünýä çempionatyny geçirmek barada Ylalaşyga gol çekildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda Kuraş göreşi boýunça Dünýä çempionatyny geçirmek barada Ylalaşyga gol çekildi

view-icon 8141
Türkmenistanda Kuraş göreşi boýunça Dünýä çempionatyny geçirmek barada Ylalaşyga gol çekildi

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti Halkara Kuraş Assosiasiýasy bilen 2023-nji ýylyň 23 – 28-nji noýabrynda Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda Kuraş boýunça 14-nji Dünýä çempionatyny geçirmek barada Ylalaşyga gol çekildi.

HHM-niň habar bermegine görä, bu resminama Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň we Halkara Kuraş Assosiasiýasynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygynyň dowamynda gol çekildi.

Duşuşyga dürli sport federasiýalarynyň we ýurdumyzyň pudaklaýyn guramalarynyň işgärleri, talyplar we metbugat wekilleri gatnaşdylar.

Halkara Kuraş Assosiasiýasynyň ýolbaşçysy öz çykyşynda Aşgabatda Kuraş boýunça geçiriljek Dünýä çempionatyna taýýarlyk derejesine ýokary baha berdi.

Çykyşdan soň taraplar Aşgabatda Kuraş boýunça Dünýä çempionatyny geçirmek barada Ylalaşyga gol çekdiler. Şeýle hem Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygyna Halkara Kuraş Assosiasiýasynyň baýdagy gowşuryldy.

Sportuň bu görnüşi boýunça Dünýä çempionatynyň biziň ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilýändigini bellemelidiris.

Geçen ýyl Kuraş boýunça dünýä çempionaty Hindistanyň Pune şäherinde geçirildi, onda baýraklar ugrunda 60 ýurduň wekilleri bäsleşdi.