Ï «Merw» ilkinji gezek AFK kubogynyň toparlaýyn ýaryşyna gatnaşmaga hukuk gazandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Merw» ilkinji gezek AFK kubogynyň toparlaýyn ýaryşyna gatnaşmaga hukuk gazandy

view-icon 7209
«Merw» ilkinji gezek AFK kubogynyň toparlaýyn ýaryşyna gatnaşmaga hukuk gazandy
camera-icon
Täjigistanyň Futbol federasiýasy

«Merw» futbol topary AFK-nyň «playoff» tapgyrynda Täjigistanyň «Hujant» toparyny 2:1 hasabynda utup, bu bäsleşigiň toparlaýyn ýaryşyna gatnaşmaga hukuk gazandy.

Türkmenistanyň çempionatynyň bürünç medalynyň eýesi «Merw» 17 ýyldan soňra Aziýanyň ähmiýeti boýunça ikinji klub baýragy ugrunda göreşmäge ikinji gezek synanyşýar. 2006-njy ýylda ol «Dempo» (Hindistan) we «Al-Nasr» (Oman) bilen bir toparda çykyş edip, toparlaýyn ýaryşda ýeňiş gazanyp bilmedi.

AFK kubogy ugrunda häzirki bäsleşikde Mary welaýatynyň topary deslapky tapgyrdan başlady. Şunda ol öz meýdançasynda oýnamak bilen, Gyrgyz Respublikasynyň Superkubogynyň üç gezek ýeňijisi we Oş şäherine degişli bolan wise çempion «Alaýy» 1:0 hasabynda utdy.

«Playoff» tapgyrynyň ýeňijisi-de AFK kubogynyň deslapky tagyryndaky ýaly Hujant şäheriniň «Täjigistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy» stadionynda 4500 janköýeriň tomaşa etmeginde geçirilen bir oýnuň netijesi boýunça kesgitlendi.

Duşuşygyň birinji ýarymy toparlaryň hiç birine üstünlik getirmedi. Arakesmeden soň myhmanlar 1:0 hasaby bilen öňe saýlandylar. Duşuşygyň 54-nji minudynda Mukam Nazzyýew jerime meýdançasynyň daşyndan derwezä top salmaga synanyşdy. Mukamyň depen pökgüsi «Merwiň» täze oýunçysy Myrat Ýagşyýewe geçdi, ol bolsa goragçydan öňürdip, topy tora salmagy başardy.

«Hujandyň» duşuşygyň ikinji ýarymynda oýna çykan goragçysy Parwiz Bokiýew duşuşygyň 79-njy minudynda derwezeçiniň meýdançasynyň ýiti burçundan takyk urgy bilen hasaby deňledi – 1:1. Bu hasap esasy wagtyň ahyryna çenli dowam etdi. Netijede, ýeňijini kesgitlemek üçin Birleşen Arap Emirliklerinden gelen emin Ýahýa Ali Mohammadu Hasanu Al-Mulle hersi 15 minut bolan iki goşmaça wagt bellemeli boldy.

Oýnuň düzgünini bozup, Firdaws Abdusalimowyň iki sany sary kartoçka gazanany üçin onuň 112-nji minutda oýundan çykarylmagy netijesinde, «Hujant» san taýdan azlykda galdy. Iki minutdan soňra bolsa «Merw» hüjümiň çep ganatynda jerime urgusyna hukuk gazandy. Bu urgy Täjigistanyň 2022-nji ýyl bürünç medalçysy üçin şowsuzlyk getirdi. Mukam Nazzyýew duşuşygyň ikinji ýarymynda oýna çykan Myrat Öwezmyradowa çep aýagy bilen ýokardan ajaýyp urgy iberdi, ol bolsa derwezeçini öňürdip, kellesi bilen urup, topy derwezä saldy.

Galan wagtyň dowamynda Witaliý Alekperow bilen Magtymguly Begenjowyň şägirtlerine 2:1 ýeňiş hasabyny saklamak başartdy. Bu bolsa maryly futbol klubuna taryhynda ilkinji gezek AFK kubogynyň toparlaýyn ýaryşyna girmäge mümkinçilik berdi. Ýaryşyň bu basgançagynda Merkezi zolakda «Rawşan» (Täjigistan), «Altyn asyr» (Türkmenistan) we «Abdyş-Ata» (Gyrgyzystan) «Merwiň» garşydaşlary bolar.

Aziýanyň ähmiýeti boýunça ikinji klub baýragy ugrunda birbada iki türkmen toparynyň bäsleşmeginiň eýýäm ikinji gezek bolýandygy bellärliklidir. AFK-nyň kubogynyň taryhynda bäş ýyl ozal-da şunuň ýaly ýagdaý bolupdy. Şonda türkmenistanly iki topar – «Altyn asyr» we «Ahal» D topara düşüpdiler. Özi-de olaryň biriniň, ýagny «Altyn asyryň» ýaryşyň finalyna ýetip bilmegi diýseň şanly waka boldy.

Bu gezek nähili bolar? AFK-2023/24 Kubogynyň toparlaýyn tapgyry Merkezi zolakda 20-nji sentýabrda başlanyp 14-nji dekabrda tamamlanar. Ýaryşyň indiki basgançagyna diňe toparyň ýeňijisi çykar.