Ï 2023-nji ýylyň ýedi aýynda Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüş depgini 6,2 göterim boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

2023-nji ýylyň ýedi aýynda Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüş depgini 6,2 göterim boldy

view-icon 6693
2023-nji ýylyň ýedi aýynda Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüş depgini 6,2 göterim boldy

Şu ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda jemi içerki önümiň ösüşi 6,2 göterim artdy. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň ýedi aýynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň netijelerine bagyşlanan hökümetiň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde habar berdi.

Wise-premýer 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň 6,3 göterim, bölek-satuw haryt dolanyşygynyň 9,4 göterim, daşary söwda dolanyşygynyň möçberiniň bolsa 4,9 göterim ýokarlanandygyny belledi.

«Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan nebit bilen üpjün etmegiň meýilnamasy 101 göterim, nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 101,5 göterim, benzin öndürmegiň meýilnamasy 105,1 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 104,9 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 110,1 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasy 108,8 göterim ýerine ýetirildi.

Mundan başga-da hasabat döwründe tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 109 göterim, «mawy ýangyjy» eksport etmegiň meýilnamasy 114 göterim ýerine ýetirildi.