Ï Türkmenistanyň Prezidenti gyş möwsüminde sarp edijileri tebigy gaz bilen üpjün etmek üçin häzirden taýýarlyk görmegi tabşyrdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti gyş möwsüminde sarp edijileri tebigy gaz bilen üpjün etmek üçin häzirden taýýarlyk görmegi tabşyrdy

view-icon 5033

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylaryna gyş möwsüminde sarp edijileri tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek üçin häzirden taýýarlyk görmegi tabşyrdy. Bu barada döwlet Baştutanymyz 2023-nji ýylyň ýedi aýynyň jemlerine bagyşlanan sanly ulgam arkaly geçirilen hökümetiň mejlisinde aýtdy.

«Gyş möwsüminde tebigy gaza islegiň artýandygyny nazara alyp, raýatlary, iri senagat kärhanalaryny, elektrik stansiýalaryny hem-de daşary ýurtly sarp edijileri tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek üçin häzirden taýýarlyk işlerini geçirmek möhümdir» diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belledi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz suwuklandyrylan gazyň we polipropileniň öndürilişiniň möçberlerini artdyrmak üçin zerur çäreleri görmegiň wajypdygyna ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylarynyň ünsüni çekdi. Şunuň bilen birlikde, nebitiň möçberini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri güýçlendirmegiň zerurdygy hem nygtaldy.