Türkmenistana Samarkant oblastynyň häkiminiň kömekçisi Nozira Ibragimowanyň ýolbaşçylygyndaky Özbegistan Respublikasynyň wekiliýeti gurluşyk önümleriniň önümçiligi we olary ýerlemek bilen bagly hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen geçen hepdede geldi.
Wekiliýet Özbegistanda demir önümlerini iň uly öndüriji bolan «Azia Metal Prof» paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçylaryndan we wekillerinden ybarat boldy. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat palatasynyň metbugat gullugy habar berdi.
Özbek wekiliýetiniň saparynyň dowamynda Söwda-senagat palatasynda we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginde duşuşyklar geçirildi. Duşuşyklara gurluşyk önümlerini öndürmek, gurluşyk, ulag we logistika babatda işleýän Türkmenistanyň kärhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdy. Özara peýdaly hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça gepleşikler geçirildi, geljegi uly gatnaşyklar ýola goýuldy.
Özbegistandan gelen myhmanlar «Şanly Bedew» hususy kärhanasynyň önümçilik meýdançasyna baryp gördüler we bu kärhananyň önümçiligine ýokary baha berdiler.