Ï Ýokary hilli tohum – bol hasylyň girewi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýokary hilli tohum – bol hasylyň girewi

view-icon 6210
Ýokary hilli tohum – bol hasylyň girewi

130 müň gektar ýere tohum sepip, ak bugdaýyň bol hasylyny almagy maksat edinýän lebaply daýhanlar tarapyndan geljek ýylyň hasyly üçin güýzlük bugdaýyň ekişine taýýarlyk işleri giňden ýaýbaňlandyrylýar. 

Häzirki wagtda ekiş geçiriljek meýdanlarda alnyp barylýan sürüm, tekizleýiş we çil çekmek işleri bilen birlikde jogapkärli möwsümde ekiljek bugdaýyň ýokary hasyl berýän sortlaryndan ybarat tohumlaryny taýýarlamak işleri hem dowam etdirilýär. Şu ýyl ekiş döwründe bugdaýyň synagdan geçen, ýokary hasyl berýän sortlarynyň 7 görnüşi ekiler. Oba hojalyk hünärmenleriniň tassyklamalaryna görä, birnäçe ýyldan soňra ekerançylykda ekin we tohum çalşygyny geçirmek möhüm bolup durýar. Hut şu maksat bilen geçen oba hojalyk ýylynda Russiýa Federasiýasyndan bugdaýyň  «Alekseýiç» hem-de  «Bezostyý-100» sortlary getirilip, synag üçin ekildi. Welaýat boýunça 34 müň gektara golaý ýerde ekilip, şeýle hem ýörite hünärmenler tarapyndan gözegçilikde saklanan bugdaýyň bu görnüşiniň her gektaryndan tomusky orak möwsüminde 60-70 sentner töweregi bugdaý hasyly alyndy. Şonuň bilen birlikde bu tohumlaryň welaýatyň toprak-howa şertlerine hem çalt uýgunlaşýandygy subut edildi. Şu ýylyň güýzki ekişi möwsüminde welaýatda bugdaýyň  «Alekseýiç» hem-de  «Bezostyý-100» ýaly görnüşleri bilen birlikde türkmen alymlary tarapyndan döredilen  «Berkarar»,  «Garaşsyzlyk»,  «Bagtyýarlyk»,  «Sähraýy»,  «Bitaraplyk» ýaly sortlary hem ekiler. 

Daýhanlar üçin örän jogapkärli möwsüm bolan bugdaý ekişiniň ýokary hil derejesinde geçirilmegi kadaly gögeriş gazanmak we ýerden bol hasyl almak üçin esasy şertleriň biridir. Hut şonuň üçin hem ekiş döwründe işlediljek kuwwatly tehnikalaryň, ekijileriň bökdençsiz we öndürijilikli işledilmekleri zerurdyr. Bu babatda Lebap welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginde hem-de onuň etraplardaky tehniki hyzmat ediş kärhanalarynda netijeli işler alnyp barylýar. Şu ekiş möwsüminde däne ekijileriň 280-e golaýyny işletmek, boronalaryň we malalaryň 8 ýarym müňe golaýyny ýerleri ekişe taýýarlamak işlerinde ulanmak göz öňünde tutulýar. Gündogar sebitde bu ugurda alnyp barylýan işler bugdaý ekişiniň guramaçylykly geçiriljekdigine, diýmek, geljek ýylyň bol bugdaý hasylynyň düýbüniň berkden tutuljakdygyna şaýatlyk edýär.