Günbatar sebitiň merkezi Balkanabat şäherindäki «Zürýada hyzmat» hususy kärhanasy ýakynda gazlandyrylan alkogolsyz içgileriň hem-de arassalanan agyz suwunyň önümçiligini üstünlikli ýola goýdy. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolup durýan bu hususy kärhananyň «Dam-dam» ady bilen öndürýän gazlandyrylan alkogolsyz içgileriniň hem-de arassalanan agyz suwunyň hil derejesi ýokary bolup, olaryň öndürilýän möçberi barha artýar.

Teşneligiňi gandyrýan dürli görnüşli datly içgiler Hytaýdan, Russiýadan, Germaniýadan satyn alnan kämil tehnologik enjamlaryň sazlaşykly işledilmegi arkaly öndürilýär. Olara kärhananyň hünärmenleriniň 50-den gowragy ussatlyk bilen erk edýär. Bu ýerde gazlandyrylan alkogolsyz içgileriň ýylda ortaça 8 million 500 müň litrini, gaplanan arassa agyz suwunyň hem 15 million litrini döwrebap derejede öndürmäge doly mümkinçilik bar. Şeýlelikde, içerki sarp edijileriň yzygiderli artýan ösen isleglerinden ugur alyp, iş depginlerini has-da ýokarlandyrýan bu hususy kärhananyň hünärmenleri gazlandyrylan içgileri we arassa agyz suwuny öndürmekde guwandyryjy netijeler gazanýarlar. Kärhananyň önümçilik bölümine suw Ýasga ýerasty tebigy kölünden gaýdýan suw geçirijiler arkaly getirilip, ýerlikli ulanylýar. Bu ýere gelip gowuşýan suw ýokary hilli süzgüçler arkaly iki tapgyrda arassalanýar hem-de ýene barlaghana gözegçiliginden pugta geçirilýär. Munuň özi, çig malyň ekologiýa taýdan arassalygyny, durmuş-önümçilik maksatlary üçin ygtybarly çeşmedigini şertlendirýär. Soňra uly göwrümli gaplarda ýerleşdirilen tebigy agyz suwy kuwwatly enjamlaryň kömegi bilen gazlandyrylyp, oňa hoşboý ys we tagam beriji şireler goşulýar.

Ýeri gelende aýtsak, taýýar görnüşe getirilen gazlandyrylan alkogolsyz içgileri we arassalanan agyz suwuny dürli ölçeglerdäki gaplara gaplamak işleri önümçiligiň kämil awtomatlaşdyrylan usulynda amala aşyrylýar. Içgileri gaplamak üçin zerur bolan polietilen gaplaryň ilkinji çig maly bolsa Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda ýerleşýän «Uly çynar» hojalyk jemgyýetinden alynýar. Olar kärhananyň degişli önümhanasynda gaýtadan işlenilip, dürli görnüşli datly içgileriň hem-de arassalanan agyz suwunyň her günde müňlerçe litri täzeligi bilen müşderilere ýetirilýär.
Häzirki wagtda bu islegli, jana şypa berýän arzyly önümlere Günbatar sebitiň sarp edijileri tarapyndan uly isleg bildirilýär.