Ï Türkmenistan we Gruziýa halkara awtomobil ýük daşalyşynyň möçberini artdyrmagy maksat edinýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan we Gruziýa halkara awtomobil ýük daşalyşynyň möçberini artdyrmagy maksat edinýär

view-icon 5106
Türkmenistan we Gruziýa halkara awtomobil ýük daşalyşynyň möçberini artdyrmagy maksat edinýär

Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda awtomobilde ýük daşalyşynyň meseleleri boýunça Garyşyk iş toparynyň nobatdaky mejlisinde halkara awtomobil ýük daşalyşynyň möçberini artdyrmak meselesine garaldy. Duşuşyk Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginde geçirildi.

Iki ýurduň ugurdaş edaralarynyň ýolbaşçylary, hususan-da, «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň ýolbaşçysy Guwançmyrat Akmämmedow we Gruziýanyň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministrliginiň Ýerüsti ulaglar agentliginiň ýolbaşçysy Lewan Gamkrelidze mejlise başlyklyk etdiler.

«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň saýtynyň habaryna görä, taraplar Türkmenistanyň we Gruziýanyň arasynda ulag pudagyndaky hyzmatdaşlyga oňyn baha berdiler we geljekde hem onuň ösüşiniň ýokary mümkinçiliklerini bellediler.

2017-nji ýylyň 30-njy awgustynda Türkmenistan bilen Gurziýanyň arasynda halkara awtomobil ýük daşalyşy barada ylalaşyga gol çekildi. Resminama her ýyl ikitaraplaýyn tertipde halkara ýük daşalyşyna rugsatnamalar alyşmaga mümkinçilik berýär.