Daşoguz welaýatynda ýetişdirilen pagta hasylyny ýygmaga taýýarlyk işleri üstünlikli durmuşa geçirilýär.
«Daşoguzpagta» önümçilik birleşiginiň pagta arassalaýjy kärhanalarynda zerur abatlaýyş işleri geçirildi. Olarda dokma senagatynyň degişli talaplaryna laýyk gelýän önüm öndürmek üçin pagtany guratmak we arassalamak boýunça enjamlar, siklon toparlary, turba geçirijiler, çig mal ammarlary, ýükleýiş-düşüriş meýdançalary we beýlekiler gözden geçirildi hem-de abatlanyldy. Sebitiň pagta kabul ediş nokatlarynyň 47-siniň ählisi tabşyrylýan çig mal barlaghanalarynyň ählisi üznüksiz işledilmäge taýýarlanyldy.
Täze möwsüme taýýarlyk döwründe ýygymy ýokary derejede guramaga, oba hojalyk enjamlaryny, önümçilik kuwwatlyklaryny netijeli ulanmaga, zähmet öndürijiligini yzygiderli ýokarlandyrmaga aýratyn üns berilýär.
Welaýatyň ekerançylary şu ýyl ýerli howa şertlerine has gowy uýgunlaşan, gowy gögeriş berýän, ir ýetişýän, hili we süýüm çykyşy ýokary bolan gowaçanyň «Daşoguz-120», «Daşoguz-114», «Gubadag-3», «Jeýhun», «S4727», «F149», «Ýolöten-39» ýaly orta süýümli görnüşlerini ekdiler.
Ýygymda pagta ýygyjy enjamlaryň ençemesini ulanmak göz öňünde tutulýar, olaryň arasynda «John Deere» kysymly ýokary öndürijilikli döwrebap kombaýnlar bar. Hasyly daşamakda ýük awtomobilleriniň we tirkegli traktorlaryň 1774-si ulanylar.
Şu ýyl Akdepe we S.Türkmenbaşy etraplary gymmatly çig maly iri öndürijiler bolarlar. Bu ýerde degişlilikde 32 müň we 30 müň gektar ýere gowaça ekildi.