Ï TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 70 million 540 müň dollaryna golaý boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 70 million 540 müň dollaryna golaý boldy

view-icon 4063

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 89-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň we beýleki ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen uçar kerosinini hem-de az kükürtli ýangyç mazudyny satyn aldylar.

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Hytaýyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine ýorgan-düşek toplumlary, tüýjümek we jins önümleriniň dürli görnüşleri, nah mata hem-de ýüplük, pagta süýümi ýerlenildi. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 70 million 540 müň dollaryna golaý boldy.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin umumy bahasy 75 million 745 müň manatlykdan gowrak “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen nebit ýol bitumyny, şeýle hem el halylaryny satyn aldylar.