Şu ýylyň 6-njy sentýabryndan 9-njy sentýabry aralygynda Stambulda «WorldFood Stambul 2023» atly 31-nji halkara azyk we içgi sergisi geçiridi. Sergä dürli ýurtlardan 1500 töweregi öndüriji, şol sanda Türkmenistandan-da gatnaşdy. Bu ýyl sergini synlamaga gelýänleriň sanynyň 60 müňe ýetdi. Türkmenistanda alkogolsyz içgiler öndürýänleriň biri bolan «Mahmal Zip» hojalyk jemgyýetiniň önümlerini hödürleýän stend diňe myhmanlary däl, eýsem, TRT türk teleýaýlymynyň galamgärlerini hem gyzyklandyrdy. HJ-niň wekili Batyr Işimowyň «Mahmal Zip» tarapyndan öndürilen kwas hakyndaky gürrüňinden soň teleýaýlym galamgäri meşhur we saglyga peýdaly bu içgiden dadyp, oňa ýokary baha berdi.
2012-nji ýylda döredilen «Mahmal Zip» HJ öndürýän ýokary hilli tebigy kwasyny ýarym litrlik alýumin gaplara salýar. Onuň beýleki alkogolsyz içgileri hem sarp edijileriň arasynda meşhurdyr.
Şereketiň hünärmenleri olaryň hilini we tagamyny Ýewropa ülňülerine laýyk getirmäge çalyşýarlar. Içgileriň dürlüligi we ýokary hili «Mahmal Zip»-iň önümlerini diýseň meşhur edýär.
2014-nji ýylda «Mahmal Zip» meşhur nemes ýarlygy «Sinalco»-nyň toparynyň düzümine girdi. Bu at latynça «sine alkogol» (alkogolsyz) sözlerinden ýasalyp, dünýä söwda ýarlygy hökmünde hasaba alyndy. Häzirki wagtda Türkmenistanda Sinalco Cola, Sinalco Orange, Sinalco Zitrone, Sinalco Jump we Sinalco Fresco ýaly içgiler bar. Şeýle hem Türkmenistanyň bazary üçin «Sinalco ÝEKE TÄK» ýörite liniýasy işlenip düzüldi. Ol hem Sinalkonyň beýleki içgileri bilen bir hatarda, bazary baglady we şu güne çenli paýtagtyň ähli bazarlarynda we sebitlerinde satylýar.