Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde aýtdy.
Wise-premýeriň sözlerine görä, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, öndürilen önümiň möçberi 6,3%, bölek söwda dolanyşygy 9,6%, daşary söwda dolanyşygy bolsa 2,5% artdy.
Şu ýylyň sekiz aýynyň dowamynda Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 112,6%, çykdajy bölegi bolsa 97,9% derejesinde ýerine ýetirilipdir. 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ähli maliýeleşdiriş çeşmelerinden amala aşyrylan maýa goýumynyň mukdary 10,9% artypdyr.
Hökümet mejlisinde “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan bellenen döwürde nebit üpjünçiligi boýunça meýilnamanyň 100,4%, nebiti gaýtadan işlemek boýunça meýilnamanyň 100,8%, benzin öndürmek boýunça meýilnamanyň 103,3%, dizel ýangyjyny öndürmek boýunça meýilnamanyň 104,1%, çalgy ýaglaryny öndürmek boýunça meýilnamanyň 111,8%, suwuklandyrylan gazy öndürmek boýunça meýilnamanyň 111,7% ýerine ýetirilendigi bellenildi.
Mundan başga-da, konserniň tebigy we ugurdaş gaz çykarmak boýunça meýilnamany 109,3%, “mawy ýangyç” eksporty boýunça meýilnamany 114,4% derejesinde ýerine ýetirendigi habar berildi.