Ï Daşoguz welaýatynda sarymsak 780 gektar meýdana ekiler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşoguz welaýatynda sarymsak 780 gektar meýdana ekiler

view-icon 6412
Daşoguz welaýatynda sarymsak 780 gektar meýdana ekiler

Daşoguz welaýatynda ösdürilip ýetişdirilýän gyş ekinleriniň arasynda sarymsak esasy orun eýeleýär. Bu ýyl welaýatda sarymsak 780 gektar meýdana ekiler. Her gektardan 80 sentner hasyl almak bilen, ýerli daýhanlar geljekde bu möhüm oba hojalyk ekininden 6240 tonna hasyl almagy maksat edinýärler.

Akdepe, Boldumsaz we S.Türkmenbaşy etrapalry welaýatyň esasy öndürijileri bolup, olar sebitde sarymsak ekmek üçin bölünip berlen meýdanyň üçden birinden hem gowrak ýerini emele getirýär.

Ýurdumyzyň demirgazygynda sarymsak köpçülikleýin ösdürilip ýetişdirilýän hem bolsa, aslynda ýerli ýaşaýjylar bu ekini öz zerurlyklary üçin gadymy döwürlerden bäri ösdürip ýetişdirilýär. Ýeri gelende aýtsak, alymlar sarymsagyň ýurdumyzyň dag jülgelerinde giňden ýaýran uzyn ýiti burçly sogandan gelip çykandygyny çaklaýarlar.

Sarymsagy geçen ýyl köpçülikleýin ösdürip ýetişdirmek we onuň dürli howa şertlerine uýgunlaşmak ýeňil düşmedi, şeýle-de bolsa ýerli daýhanlar üçin öwrenmek we zerur bolan tejribäni ele almak möhümdi. Bu ekiniň ekiş wagty we onuň ýetişýän wagty esasan sebitiň anyk howa şertlerine bagly bolup duýandygy aýdyňlaşdyryldy. Ekin meýdanlarynda sarymsakdan öň haýsy ekinleriň ekilmelidigi we onuň ösüşiniň ähli döwründe edilýän idegiň talabalaýyk berk berjaý edilmegi uly ähmiýete eýedir.

Sarymsagyň tohumy ekmek üçin saýlanylanda diňe bir ýokary hasyllylygy hem-de kesele durnuklylygy göz öňünde tutulman, eýsem ýaramlylyk möhletini we saklanyş aýratynlyklaryny hem göz öňünde tutmak möhümdir.

Sarymsagyň peýdaly aýratynlyklary we onuň adam saglygy üçin peýdasy barada uzak wagt gürrüň etse bolar.

Esasy zat, welaýatyň daýhanlary bu ekini importyň ornuny tutar ýaly derejede we ýurdumyzyň sarp ediş bazarlaryny üpjün edip biljek derejede ösdürip ýetişdirmekleridir.