Bu maslahatda Türkmenistanyň döwlet gümrük gullugynyň we Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň arasyndaky özara gatnaşyklaryň, daşary söwdany ýokarlandyrmagyň, ýurdumyzyň gümrük gullugynyň ösüşiniň häzirki zaman ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Turkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň web saýtynda habar berlişine görä, duşuşyga gümrük gullugynyň, beýleki birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň wekilleri, şeýle hem telekeçiler gatnaşdylar.
Maslahatda, esasanam, ýurtda daşary ýurtlara iberilýän we daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan harytlary öndürmegi artdyrmak boýunça döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişi barada giňişleýin gürrüň edildi. Şeýle hem milli ykdysady toplumyň döwrebaplaşdyrylmagynda telekeçiligiň tutýan orny, ýerli çig maldan öndürilýän ýokary hilli, bäsleşige ukyply önümleriň möçberini ýokarlandyrmak we görnüşlerini köpeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri ýurdumyzyň gümrük ulgamynyň ösüşi we onuň hukuk binýadynyň yzygiderli kämilleşdirilýändigi barada çykyş etdiler. Şunuň bilen baglylykda, eksporty goldamaga we eksportçylar üçin ýönekeýleşdirmäge hem-de ýeňilliklere gönükdirilen hukuk namalary bilen tanyşdyryldy.
Maslahata gatnaşyjylara gümrükhanada hyzmatlary çaltlaşdyrmaga mümkinçilik berýän, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň hem-de halkara söwdanyň ösüşine ýardam edýän sanly tehnologiýalary ulanmagyň ähmiýeti barada wideoşekiller görkezildi.