Ï Ýeralmanyň we soganyň bol hasyly kemala getiriler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýeralmanyň we soganyň bol hasyly kemala getiriler

view-icon 3699

Ýurdumyzyň Lebap welaýatynda şu oba hojalyk ýylynda 1 müň 400 gektar ýere ýazlyk ýeralma ekilip, onuň bol hasyly kemala getirildi we bu baradaky döwlet meýilnamasy artygy bilen berjaý edildi.

Häzirki wagtda bolsa welaýatyň ekin meýdanlarynda göz öňünde tutulan 900 gektar ýerde güýzlük ýeralmanyň ekişi bellenilen möhletde tamamlanyp, ýeralma ekilen meýdanlarda agrotehniki talaplara laýyklykda ideg işleri dowam etdirilýär. Gündogar sebitiň zähmetsöýer ekerançylarynyň toplan baý tejribesi we ene topraga yhlasy, güýzlük ýeralmanyň ekiljek meýdanlarynyň öňünden saýlanylyp alynmagy, ekiş geçirilmezden ozal topragyň organiki we mineral dökünler bilen gurplandyrylmagy, ýeralmanyň ýokary hasyl berýän, sebitiň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän, synagdan geçen tohumlarynyň saýlanyp alynmagy, ekiş işleriniň öz wagtynda ýokary hilli geçirilmegi ekerançylaryň bol hasylyň binýadyny berkden tutandyklarynyň şaýadydyr. Her gektardan 140 sentner hasyl almagy maksat edinýän lebaply daýhanlar häzirki wagtda bu möhüm azyklyk ekinine daýhan yhlasy bilen seredýärler. Has takygy, şu wagta çenli welaýat boýunça ýeralma ekilen ýerlerde gögeriş suwuny tutmak işleri doly tamamlanyp, eýýäm 80 göterimden gowrak ýerde gögeriş gazanyldy. Şeýle hem ýeralmadan gögeriş alnan ýerlerde hatarara bejergi we 1-nji gezek goşmaça iýmitlendirmek işleri utgaşykly alnyp barylýar.

Ýylyň ýylyna welaýat boýunça ýeralmanyň bol hasylynyň alynmagyna uly goşant goşýan Çärjew etrabynda 300, Dänew etrabynda 120, Kerki etrabynda hem 70 gektar ýerde ýeralma ekilip, bu etraplarda 1-nji ideg işleriniň eýýäm tamamlanandygyny bellemek buýsançlydyr.

Welaýatda häzirki wagtda meýilleşdirilen 900 gektar ýerde sogan ekmek işleri hem guramaçylykly dowam etdirilýär. Bu möhüm azyklyk ekiniň ekiljek ýerlerinde sürüm hem-de tekizleýiş işleri doly tamamlandy. Häzirki döwre çenli welaýat boýunça 300 gektardan gowrak ýerde ekiş geçirildi. Her günde 55 gektar töweregi ýerde agrotehniki kadalara laýyk sogan ekilmegi, bu möhüm çäräniň hem öz wagtynda tamamlanjakdygyna, diýmek bu ekiniň hem bol hasylynyň düýbüniň tutuljakdygyna güwä geçýär.