Uzynada baýlyklar käni Balkan welaýatynyň Esenguly etrabyna degişli bolup, ol welaýatyň merkezi bolan Balkanabat şäherinden 74 kilometr günorta-günbatarda Hazar deňziniň ýalpaklygy bilen araçäkleşýär. Bu ýerde «Türkmennebit» döwlet konserniniň önümçilik düzümleri tarapyndan 2015-nji ýylda täze guýynyň buraw-gazuw işlerine girişilip, 2017-nji ýylyň aprel aýynda üstünlikli tamamlandy. Şol döwürde balkanly nebitçilere ulanyşa tabşyrlan bu guýy häzirki wagtda ýangyç çig malynyň bol akymyny berip, nebit-gaz pudagynyň ösüşinde mynasyp orun tutýar.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda Uzynada känindäki 11-nji täze gözleg guýusy açylyp, ilkinji önümlerini berdi. Has takygy, Günbatar sebitde geljegi uly bolan ojak hökmünde giňden adygan önümli kände «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Marynebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň tejribeli hünärmenleriniň çeken irginsiz zähmeti ýerine düşdi. Olar gözleg guýusyndan nebit kondensatynyň we tebigy gazyň güýçli akymyny alyp, Garaşsyzlyk baýramyna sowgatly geldiler. Ýeri gelende aýtsak, aşaky gyzyl reňkli gatlaklarda, 6726 – 6728 metr hem-de 6734 – 6736 metr ýerasty çuňluklardan senagat ähmiýetli uglewodorod akymynyň alynmagy bu baýlyklar käniniň gündogar böleginiň gorlaryny ýokary derejede kämil özleşdirmäge mümkinçilik berer.
Häzirki wagtda täze guýuda synag-sazlaýyş işleri ýokary hil derejesinde geçirilýär. Ýakyn wagtda «Türkmennebit» döwlet konserniniň nebitgaz çykaryjylaryna tabşyryljak bu täze guýy geljekde “gara altynyň” möçberleriniň artdyrylmagynda, şeýle-de ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde möhüm ähmiýete eýe bolar.