Suwda ýüzüji türgen Merdan Ataýew we dzýudoçy Maýsa Perdäýewa 23-nji sentýabrda Hytaýyň Hançžou şäherinde geçiriljek XIX tomusky Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň toparynyň baýdagyny götererler. Bu barada türkmen wekiliýetiniň ştabynda geçirilen iş mejlisinde yglan edildi.
Ozal habar berlişi ýaly, Merdan Ataýew golaýda Duşenbe şäherinde geçirilen halkara ýaryş tamamlanandan soň duşenbe güni Hytaýda Türkmenistanyň toparynyň hataryna goşuldy. Maýsa Perdäýewa bolsa henizem Bakuwdaky soňky taýýarlyk ýygnanyşygyny geçýär, ol Aziýa oýunlarynyň açylmazyndan iki gün öň Hançžou geler.
Bu gün geljekki Aziýa oýunlarynda toparymyzyň baýdak göterijileriniň birinjisi - häzirki wagtda arkanlygyna 50, 100 we 200 metr uzyn hem-de gysga aralyga ýüzmekde Türkmenistanyň alty rekordyny goýan Merdan Ataýew hakda gürrüň etmekçi.

Häzirki nukdaýnazardan, Merdan suwda ýüzmek bilen gaty giç - 17 ýaşynda meşgullanyp başlady. Ozal kakasy, meşhur suw polosy oýunçysy Guwanç Ataýewiň göreldesine eýerip, bäş ýyllap suw polosyny oýnady, hatda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň derwezebany hem boldy. 11 ýyl mundan ozal Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Sergeý Epifanow suwda ýüzmek boýunça şäher ýaryşynda ony görmedik bolsa, bu ýetginjegiň sportda ykbalynyň geljekde nähili boljakdygyny bilýän ýokdy. Şonda suw pökgüsi bölüminden Merdanyň gatnaýan sport mekdebinden suwda ýüzmek boýunça Aşgabadyň çempionatynda gyssagly ýagdaýda öz toparyny düzmeli bolupdy. Şonda suw polosy boýunça milli ýygyndynyň uly tälimçisi Begenç Çerkezow 50 metr aralyga arkanlygyna ýüzmekde uzyn boýly M.Ataýewi çykardy. Ýaryşa ilkinji gezek gatnaşsa-da, ol halypasynyň ýüzüni ýere salmady - Merdan ikinji orny eýeledi.
Dogrusy, suwda ýüzmek boýunça Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň baş tälimçisi Sergeý Epifanowyň ünsüni özüne çekmändi. Güýçli başarnygy, boýy, çigniniň sazlaşykly hereketleri bu ýigdekçeden geljekde arkanlygyna ýüzmekde gowy türgen çykjakdygyna şaýatlyk edýärdi.
«Begenç, Merdany maňa ber, men ondan güýçli suwda ýüzüji taýýarlaýyn» diýip, Sergeý Petrowiç Türkmenistanyň suw polosy toparynyň baş tälimçisine ýüzlendi. Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komiteti bu ýagdaýa goşulyp, gujurly ýigidi Sergeý Epifanowyň suwda ýüzmek bölümine geçirýänçä B.Çerkezowy yrmak üçin üç aý wagt gerek boldy.
«Merdan täze ugra höwes bilen girişdi. Yhlasly we zähmetsöýer ýigit. Onuň şu häsiýetleri meni maýyl etdi» diýip, Sergeý Petrowiç aýtdy.

Merdandan gowy netijä uzak garaşmaly bolmady. Şondan bir ýyl soň Türkiýäniň açyk çempionatynda M.Ataýew 50 we 100 metr aralyga arkanlygyna ýüzmekde bürünç medallaryň ikisine mynasyp boldy. Ýene bir ýyldan 2014-nji ýylda Inçhonda geçirilen Aziýa oýunlarynda 100 metr aralyga ýüzmekde finala çykan ilkinji türkmen türgeni boldy we 56,63 sekunt netije bilen 7-nji orny eýeledi.
2015-nji ýylda Dubaýda geçirilen ýaş toparyna görä ýaryşda Merdan bir kümüş we iki bürünç medal gazandy, 2016-njy ýylda bolsa Tokioda geçirilen Aziýa çempionatynda iki gezek finala çykyp, 100 metr (55,90 sek.) we 50 metr (25,95 sek.) aralyklara ýüzmekde şahsy rekordyny goýdy.
2017-nji ýylyň aprelinde gysga aralyga ýüzmekde Aşgabatda geçirilen Merkezi Aziýa çempionatynda M.Ataýew ilkinji iki altyn medal - 50 we 100 metr aralyga ýüzmekde, şeýle hem estafeta ýaryşlarynda iki kümüş medal (4x50 metr we 4x100 metr) gazandy. Şol ýyl Bakuwda geçirilen IV Yslam raýdaşlygy oýunlarynda 50 metr (25,82 sekunt) we 100 metr (55,44 sekunt) aralykda iki kümüş medal eýeledi we bu «uzyn» (50 metrlik basseýnde) aralyklara suwda ýüzmekde milli rekord goýdy. Soňra Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga hukuk berýän ýaryşlaryň biri - 2021-nji ýylda Özbegistanyň açyk çempionatynda Merdan 100 metr aralyga ýüzmekde Türkmenistanyň rekordyny täzeledi, ol indi 54,91 sekuntdy. Şeýle hem şol ýyl Tokioda geçirilen Olimpiýa oýunlarynda 200 metr aralyga ýüzmekde (2.03, 68) ýene bir rekord goýdy.
Gysga (25 metrlik basseýnde) Merdan Ataýew 2017-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda arkanlygyna ýüzmekde 50 metr (24,77 sekunt) we 100 metr (52,86 sekunt) aralyga Türkmenistanyň iki rekordyny, 2022-nji 18-nji dekabrynda Melburnda (Awstraliýa) geçirilen dünýä çempionatynda ýene 200 metre ýüzmekde (1 minut 59,49 sekunt) ýene bir milli rekord goýdy.
M.Ataýew häzire çenli 28 medal gazandy, şolardan 12-si altyn, 11-si kümüş we 5-si bürünç medallardyr.
Mundan başga-da, Merdan Ataýew Rio-de-Žaneýroda we Tokioda geçirilen Olimpiýa oýunlarynda iki gezek toparymyzyň baýdak göterijisi boldy. Indi Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasynda ilkinji gezek Türkmenistanyň Baýdagyny göterer.
«Aziýa we Olimpiýa oýunlarynyň açylyşynda Türkmenistanyň toparynyň baýdagyny götermek — uly abraý. Şeýle pursatlarda Garaşsyzlyk netijesinde ähli iri halkara ýaryşlarynda özbaşdak topar hökmünde milli Baýdak astynda bäsleşmäge mümkinçiligi bolan ýurda buýsanýarsyň. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen türkmen türgenleriniň ajaýyp sport binalarynda türgenleşmäge we ussatlygyny kämilleşdirmäge ähli mümkinçilikler bar».
Hançžou şäherinde geçiriljek Aziýa oýunlarynda Merdan Ataýew 50 we 100 metr aralyga ýaryşa girişer, ol finala çykmaga umyt baglaýar.