Ï Daşoguz welaýatynyň daýhanlary künjüden bol hasyl almagy maksat edinýärler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşoguz welaýatynyň daýhanlary künjüden bol hasyl almagy maksat edinýärler

view-icon 5327
Daşoguz welaýatynyň daýhanlary künjüden bol hasyl almagy maksat edinýärler

Daşoguz welaýatynyň daýhanlary şu ýyl her gektardan azyndan on sentner künji hasylyny almagy maksat edinýärler.

Bu ýerde künjini gazanylan tejribä daýanmak bilen ylmy esasda ösdürip ýetişdirýärler.

Onuň sebitdäki esasy öndürijileri S.Türkmenbaşy adyndaky we Köneürgenç etraplary bolup, bu ýylda bir ýüz kyrk tonna gymmatly önüm bolan künji hasylyny almak üçin bir ýüz otuz bäş gektara künji ekildi. 

Sebitde künji gysga wagtda köpçülikleýin ösdürilip ýetişdirilýär we ol hatda has yssy howada-da kadaly ösýär. Şeýle hem, bu ýerde güneşli howa, adatça, güýzüň ahyryna çenli dowam edýär. 

Ýene-de bir möhüm zat, künji beýleki ekinlere garanyňda az suw talap edýän we guraklyga çydamly ekindir.

Oba hojalyk ekinleriniň arasynda künji tohumlary özüniň ýokumlylygy, ýagynyň ýokary derejeli bolmagy bilen tapawutlanýar.

Ýerli ýaşaýjylar, palaw taýýarlanlarynda künji ýagyny ulanýarlar we ol naharyň tagamyny has-da lezzetli edýär.

Welaýatyň künji ösdürip ýetişdirýän ekerançylary Türkmenistanyň oba-hojalyk toplumynyň öňünde goýlan wezipeleri ýokary hilli ýerine ýetirmegi we bäsleşige ukyply oba hojalyk önümlerini öndürmegiň dürlüligini hem-de möçberini artdyrmagy, öz önümçiliginiň hasabyna ilatyň azyk önümlerine bolan isleglerini kanagatlandyrmagy maksat edinýärler.