Türkmenistanyň topary Hytaýyň Hançžou şäherinde geçýän XIX tomusky Aziýa oýunlarynda Maldiw toparyna garşy 3x3 basketbol ýaryşyna 22:2 hasabynda uly utuş bilen başlady. Garşydaşyny 20 utuk tapawut bilen ýeňmek üçin Toýly Baýryýewiň toparyna bary-ýogy 6 minut 55 sekunt gerek boldy.
Aziýa oýunlarynda 3x3 basketbol ýaryşyna 23 ýaşdan geçmedik oýunçylar gatnaşýar. Erkekler ýaryşyna dörde bölünen 19 topar gatnaşýar. Türkmenistanyň milli ýygyndy topary Ýaponiýa, Koreýa Respublikasy, Eýran we Maldiw toparlary bilen «B» toparynda oýnaýar. Beýleki toparlaryň düzümleri şeýle: «A» – Mongoliýa, Taýwan, Filippinler, Gonkong, Iordaniýa; «C» – Hytaý, Hindistan, Malaýziýa, Makao; «D» – Katar, Taýland, Gazagystan, Gyrgyzystan, Kamboja.

Birinji tapgyryň başga bir oýnunda toparymyzdan Koreýa Respublikasy Eýran toparyny ýeňdi – 21:12.
Ýaryşyň düzgünlerine laýyklykda, toparlaryň ýeňijileri gös-göni çärýek finala çykýarlar. Toparlarda 2-3-nji ýerleri eýelänler bolsa 1/4 finalda oýnamak hukugy üçin bäsleşer.
3x3 basketbol 1980-nji ýyllaryň ahyrynda ABŞ-nyň şäherlerinde meşhur bolan «stritboldan» – köçe topundan gelip çykdy. Ol basketboluň sadalaşdyrylan görnüşi bolmak bilen, howlularda we seýilgählerde oýnalýardy, şonuň üçin-de medeni hadysa öwrüldi.
3x3 basketbol oýnunyň düzgünleri nusgawy basketboldan birneme tapawutlanýar. Bir ätiýaç oýunçysy bolan üç adamdan ybarat toparlar adaty meýdançanyň ýarysynda bir halka top geçirmek üçin oýnaýarlar. Çalşyrylýan oýunçy sany çäksizdir.
3x3 basketbol oýny arassa 10 minut dowam edýär ýa-da toparlaryň biri 21 utuk toplandan soň tamamlanýar. 10 minut oýun wagty tamamlanan ýagdaýynda, hasap deň bolsa, emin 5 minut goşmaça wagt berýär. Goşmaça wagtda 2 utuk gazanan topar ýeňiji bolýar.
Hüjüm 24 sekunt dowam edýän nusgawy 5x5 basketboldan tapawutlylykda, 3x3 basketbolda bir topar diňe 12 sekuntlap topa eýe bolup bilýär. Bu düzgün oýnuň has dinamik görünmegi üçin oýlanyp tapylypdyr.
Adaty üç utukly dugadan aňyrdan amala aşyrylan takyk oklanan top üçin topar iki utuk alýar. Has ýakyndan oklanan toplar we jerime urgulary bir utuk hasaplanýar.
3x3 basketbolda şahsy duýduryş ýok. Toparyň 7-nji hatasyndan başlap, emin islendik düzgün bozulmasy üçin iki jerime urgusyny belleýär. Toparyň 10-njy hatasyndan başlap, islendik düzgün bozulmasy üçin topar iki jerime utugy bilen jezalandyrylýar we top garşydaşa geçýär.
3x3 basketbolda tälimçi meýdançanyň çäginde bolup biler. Adatça, ol münberde bolýar. Tälimçiniň beren islendik görkezmesi üçin topar tehnik hata bilen jezalandyrylyp bilner.
3x3 basketbolda resmi ýaryşlar, adatça, açyk howada geçirilýär.
Hançžou şäherinde geçýän Aziýa oýunlarynda Türkmenistanyň basketbol toparynda şu oýunçylar oýnaýar: Ýewgeniý Nazipow (kapitan), Döwlet Narmyradow, Maksat Hojaberdiýew we Kirill Beş. Ýigitler şu düzümde eýýäm şu ýylyň iýun aýynda Katardaky reýting ýaryşynda – U23 Milli ligada oýnadylar we Saud Arabystanynyň, Iordaniýanyň we Kataryň basketbolçylary bolan 4 toparyň arasynda umumy sanawda 2-nji ýeri eýeledi.
Awgust aýynda Türkmenistanyň Döwlet Narmyradow, Maksat Hojaberdiýew we Kirill Beşden ybarat 3x3 basketbol topary Belarusda geçirilen II GDA oýunlarynda sekiz toparyň arasynda ilkinji dört topara girip, täjigistanly, özbegistanly, dörtden bir finalda bolsa gazagystanly garşydaşlaryny ýeňdi.
Hançžou Aziadasynyň indiki tapgyrynda türkmen basketbolçylary Ýaponiýanyň topary bilen duşuşar.
19-njy tomusky Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyndaky 3x3 basketbol ýaryşy 1-nji oktýabrda tamamlanar.