Hytaýyň Hançžou şäherinde dowam edýän ХIХ tomusky Aziýa oýunlarynda Türkmenistanyň toparynda ýene bir medal peýda bolar. Munuň şeýle boljagyna 71 kilograma çenli agram toparynda ýarym finala çykmak bilen, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Baýramdurdy Nurmuhammedow kepil geçdi.
![]() |
![]() |
Ozal habar berlişi ýaly, birinji göreşde Baýramdurdy 2023-nji ýylda Daşkentde geçen dünýä çempionatyna gatnaşan täjigistanly Dawud Mahkamowy 5:0 hasabynda ýeňipdi. Ikinji bäsleşikde bolsa 2023-nji ýylda Daşkentde geçirilen dünýä çempionatynda 9-njy ýeri eýelän 19 ýaşly palestinaly Nidal Fokahaadan tehniki nokaut bilen üstün çykdy.
![]() |
![]() |
Çärýek finalda özi üçin, iň bolmanda, bürünç medaly kepillendiren Baýramdurdy Nurmuhammedowa 26 ýaşly Tuguldur Býambatsogt garşy durdy, ol şondan öň Muhammet Haýbar Nuristanini (Owganystan) tehniki nokaut bilen ýeňip, Pirapat Easuňnoýenden (Taýland) üstün çykypdy – 5:0.

Mongol boks mekdebi ökde türgenleri bilen meşhurdyr, şonuň üçin-de bilermenleriň köpüsi bu bäsleşikde B.Nurmuhammedowyň garşydaşynyň ýeňjekdigini aýdýardylar. Eýsem-de bolsa, Baýramdurdynyň özi munuň bilen düýbünden ylalaşmaýardy.
Birinji tapgyr eminleriň kararyna görä, ujypsyz artykmaçlyk bilen mongol boksçysynyň peýdasyna boldy. Ikinji tapgyrda bolsa ildeşimiz has işjeň herekete geçmek bilen garşydaşynyň üstüne yzly-yzyna zarba inderdi. Olaryň köpüsi şeýle bir täsirli boldy welin, netijede eminlik edýän kanadaly Jennifer Haggins mongoliýaly türgen ýykylanda, iki gezek hasaby açmaly boldy. Göreşi ikinji tapgyrda wagtyndan öň tamamlamagy üçin Baýramdurda azajyk wagt ýetmedi.
![]() |
![]() |
B.Nurmuhammedow üçünji tapgyrda garşydaşynyň göwresine we kellesine yzygiderli zarba indermegini dowam etdirdi, netijede onuň saglygyna howp salmazlyk üçin mongol boksçysynyň tälimçilerine onuň ýeňlendigini boýun almak bilen meýdança el desmalyny taşlamakdan başga çäre galmady.
Özi üçin diňe bir kümüş medal bilen çäklenmän, eýsem, 2024-nji ýylda Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga-da hukuk kepillendirýän ýarym finalda Baýramdurdy Nurmuhammedow 2018-nji ýylda Indoneziýada geçen mundan öňki Aziýa oýunlarynyň 75 kilograma çenli agram toparynda çärýek finalçy bolan Kan Çia Wei (Taýwan) bilen duşuşar. Ol birinji tapgyrda Rustambek ogly Nuradini (Gyrgyzystan) 4:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi, ikinji tapgyrda Niraja Galani Gamageni (Şri-Lanka) 5:0 hasabynda ýeňdi, üçünji tapgyrda bolsa Bin Çe Azmi Mohd Aswandan (Malaýziýa) 5:0 hasabynda üstün çykdy.

Başga bir ýarym finalda Tokioda geçen Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjy 2021-nji ýylda Belgradda geçen ýaryşlarda 67 kilograma çenli agram toparynda dünýä çempiony Sewonres Kuinsi Mensa Okazawa (Ýaponiýa) we häzirki dünýä hem Aziýa çempiony, 2018-nji ýylda Jakartada geçen Aziýa oýunlarynyň 69 kilograma çenli agram derejesinde kümüş medalçysy Aslanbek Şymbergenow (Gazagystan) bilen bäsleşer.
Balkan welaýatynyň Magtymguly şäherinde doglan 21 ýaşly Baýramdurdy Nurmuhammedow Aziýa oýunlaryna ilkinji gezek gatnaşýar. Mundan öň ol geçen ýyl Ammanda (Iordaniýa) geçirilen Aziýa çempionatynda çärýek finala çykdy, şu ýyl Daşkentde geçirilen soňky dünýä çempionatynda bolsa ilkinji iki göreşde ýeňiş gazandy we çärýek finala çykmak ugrundaky göreşde Russiýanyň wekilinden ýeňlip, 9-njy ýeri eýeledi. Ol boks bilen Ýazmuhammet Pazzyýewiň we Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Tenilbek Jumakulowyň ýolbaşçylygynda meşgullanýar.
Boks sport hökmünde 1954-nji ýylda Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizildi. Hançžou gimnaziýasynda geçirilýän Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyndaky häzirki ýaryşda boksçular 13 baýrak ugrunda bäsleşýärler.
Şeýle hem Hançžou şäherinde geçýän Aziýa oýunlarynda beýleki sport görnüşleri boýunça ýaryşlar-da dowam edýär.
Ýeňil atletika boýunça başlan ýaryşda Londonda we Tokioda geçen Olimpiýa oýunlaryna gatnaşan aşgabatly 32 ýaşly halkara sport ussady Mergen Mämmedow çekiç zyňmakda 66,93 metr netije bilen 13 bäsdeşiň arasynda 9-njy ýeri eýeledi. Şonda ol özüniň Türkmenistanda goýan rekordyna 7,08 metr ýetmedi. Dokuz ýyl ozal Inçhonda geçen Aziýa oýunlarynda ol 68,68 metr netije bilen 7-nji ýeri eýeläpdi.
Hytaý Aziadasynda agyr atletika boýunça ýaryşlar hem başlandy. Oňa Türkmenistandan 7 türgen (5 erkek we 2 aýal) gatnaşýar.
Toparymyzdan ilkinji bolup hormat sekisine çykan 45 kilograma çenli agram toparynda 2018-nji ýylyň dünýä çempiony Ýulduz Jumabaýewa boldy. Ol silkip götermekde 68 kg, itekläp götermekde 91 kg, iki ýaryşyň jeminde bolsa 159 kg göterip, 13 agyr atletikaçynyň arasynda 10-njy ýeri eýeledi.





