3-nji oktýabrda Daşkentde «Cyber Security Central Eurasia 2023» 1-nji Halkara kiberhowpsuzlyk maslahaty başlandy. Forumyň ilkinji gününe daşary ýurtly wekiliýetler bilen birlikde «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň wekilleri gatnaşdylar.

Forumyň umumy temasy örän möhüm düzümleri we telekeçiligi goramak nukdaýnazaryndan çözgütler, howplar we hyzmatdaşlyk ýaly sanly dünýädäki kiberhowpsuzlygyň ähmiýetine bagyşlanýar.
CSS 2023 maslahatynyň esasy maksady sebitdäki kiber jemgyýetleri üçin tejribe alyşmak, häzirki zaman çözgütlerini görkezmek we täze özara peýdaly hyzmatdaşlyk üçin mümkinçilikleri açmak üçin ýokary derejeli halkara interaktiw meýdança döretmekdir.
Umumy mejlisde dünýäniň dürli künjeklerinden kompaniýalarynyň wekilçilik edýän 40-dan gowrak hünärmenleri bilen birlikde «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň ýolbaşçysy Hajymyrat Hudaýgulyýew çykyş etdi. Ol soňra forumyň çäklerinde Özbegistan Respublikasynyň sanly tehnologiýalar ministri Şerzod Şermatow bilen duşuşdy.
Gepleşikleriň dowamynda kiberhowpsuzlyk, maglumatlary kiberhowplardan goramak, maglumat we maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary hem-de maglumat howpsuzlygy ulgamynda hünärmenleri taýýarlamak, sanly ykdysadyýeti ösdürmek pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Iki günlük maslahata Omandan, Özbegistandan, Azerbaýjandan, Türkiýeden, Gruziýadan, Ýaponiýadan, Türkmenistandan, Gazagystandan we 24 ýurtdan 130 kompaniýa wekilçilik edýän 250-den gowrak wekil, şeýle hem Halkara telekommunikasiýa bileleşiginiň, FIRST-iň, OIC – CERT-iň wekilleri gatnaşdylar.
Çözgütleri kabul edýän ýokary wezipeli adamlaryň, kiberhowpsuzlyk hünärmenleriniň we ahyrky ulanyjylaryň gatnaşan maslahatynda ählumumy töwekgelçilikleriň konfigurasiýasy, şeýle hem sazlaşykly ösýän kiberhowpsuzlygyň sebitiň ýurtlaryna sanlylaşdyrmagyň teklip edýän durmuş-ykdysady artykmaçlyklaryndan doly peýdalanmaga nähili kömek edip biljekdigi öwrenildi.
Kiberhowpsuzlyk boýunça 1-nji Halkara maslahaty 4-nji oktýabrda tamamlandy.