Milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlary bilen bir hatarda eziz Diýarymyzyň gurluşyk senagaty düýpli ösüşleri başdan geçirýär. Bu ugurda sebitlerde amala aşyrylýan giň möçberli toplumlaýyn gurluşyk işleriniň depgini oňyn netijeleri berýär. Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Balkansement» zawodynda durmuşa geçirilýän guwandyryjy işler hem oňa doly şaýatlyk edýär.
Günbatar sebitiň Uly Balkan dagynyň alkymynda aýratyn bir şäherçäni ýada salyp oturan uly zawodyň işçileridir hünärmenleri tutanýerli zähmet çekip, belent maksatly işlere özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Kärhananyň karýer hojalygyndan başlap, çig maly owradyjy, üweýji, bişiriji bölümlerinde, şol sanda sement degirmenlerinde üznüksiz işleriň ähli tapgyrlary awtomatlaşdyrylan usulda alnyp barylýar.
Şeýle-de, awtoulag, mehanika, energetika, awtomatika bölümleriniň hem-de dolandyryş merkeziniň işleri kompýuterler arkaly sazlaşykly ýola goýlup, bökdençsiz üpjün edilýär. Öndürilýän ýokary hilli önümler bolsa welaýatyň we ýurduň çägindäki sarp edijilere buýurmalar esasynda yzygiderli ugradylýar.
Şu ýylyň geçen döwründe hem olara 600 müň tonna golaý ýokary hilli sement iberildi. Ýeri gelende bellesek, sement öndürmek we gurluşyk senagatyny ösdürmek üçin zerur bolan çig mallar gürrüňi edilýän zawodyň golaýynda ýerleşýän dag-magdan käninden gazylyp alynýar. Munuň özi dünýäniň hil ülňülerine laýyk gelýän sement önümçiligini gysga wagtda çalt depginlerde giňden guramaga mümkinçilik berýär.
Şeýle-de, möhüm gurluşyk serişdesiniň özüne düşýän gymmatyny peseldip, geçginli, islegli haryda öwrülmegini şertlendirýär. Häzirki wagtda ýokary derejeli inžener-tehniki we ussat hünärmenleri özünde jemleýän bu kuwwatly zawodda ýüzlerçe adam birnäçe çalşykda gije-gündiziň dowamynda zähmet çekýärler.