Häzirki wagtda ulag-logistika ulgamy islendik bir ýurduň ýa-da sebitiň ykdysadyýetiniň ösmeginde esasy hereketlendiriji güýçleriň biridir.
Berkarar döwletimiziň Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda geografik taýdan amatly ýerde ýerleşmegi, sebitde ulag-üstaşyr geçelge hökmünde orta çykmaklygy, goňşy we beýleki döwletler bilen ykdysady, söwda, medeni-durmuş ugurlary boýunça deňhukukly özara hyzmatdaşlyk, dost-doganlyk ýörelgelerini döwlet syýasaty hökmünde saýlap almaklygy ýurdumyzy halkara üstaşyr ulag geçiriji merkez hökmünde orta çykardy.
Ulag-logistika ulgamyna degişli howa, deňiz we awtoulag ýollary bilen birlikde bu ugurda demir ýol pudagyna aýratyn orun degişlidir. Hut şonuň üçin hem ýurdumyzda Demirgazykdan Günorta, Gündogardan Günbatara uzap gidýän demir ýol şahalary diňe bir Berkarar döwletimiz däl, eýsem, sebit, tutuş yklym üçin hem möhüm ähmiýete eýedir. Ykdysadyýetiň ähli pudaklary üçin zerur bolan ýükleri daşamakda, ýolagçylary gatnatmakda esasy ulag serişdesi hökmünde orta çykýan demir ýol ulgamynda ýük we ýolagçy otlularynyň bellenilen tertipde, bökdençsiz we howpsuz gatnawlaryny üpjün etmek esasy wezipeleriň biridir.
«Türkmendemirýollary» agentliginiň Türkmenabat ýol we desgalar kärhanasynyň zähmetsöýer işgärleri halkara we döwlet derejesindäki bu möhüm wezipä gowy düşünip, özleriniň yhlasly zähmeti bilen ýokary netijeler gazanýarlar. Häzirki wagtda bu kärhana degişli demir ýol ulgamynyň uzynlygy 644 kilometre barabardyr we onuň ugrunda ýol geçelgeleriniň 52, demir ýol köprüleriniň hem 35 sanysy ýerleşýär. Kärhananyň esasy wezipesi demir ýollaryň we onuň ugrundaky desgalaryň abatlygyna gözegçilik etmekden, şeýle hem otlularyň hereket edýän ugrunda döräp biljek bökdençligiň öňüni almakdan ybaratdyr. Şu maksat bilen kärhanada zähmetsöýer işçileridir hünärmenler tarapyndan ýylyň başyndan bäri meýilleşdirilen işler doly we ýokary hil derejesinde amal edilipdir.
Degişli döwürde kärhananyň zähmetsöýer işgärleri tarapyndan demir ýoluny gumdan goramak maksady bilen 8 gektar ýerde ýarymaçyk germew düýplerini bejermek işleri amala aşyrylypdyr. Demir ýoluny çägeden goramak maksady bilen ulanylýan goraýjy materiallaryň hem 9 müň 443 metr kubdan gowragy taýýarlanylypdyr. Şeýle hem demir ýolunyň ugrunda demirbeton we agaç şpallarynyň jemi bir müň ýigrimä golaýy çalşyrylypdyr we 2 kilometr aralykda bejergi, 4,3 kilometr aralykda hem göterme-bejergi işleri ýerine ýetirilipdir. Şonuň bilen birlikde degişli döwürde geçiriji toplumlaryň 6-sy çalşyrylypdyr. Bu görkezijiler kärhananyň agzybir işgärleriniň yhlasly zähmeti netijesinde degişli döwür üçin iş meýilnamasynyň artygy bilen amal edilendigini görkezýär.