Türkmen topragy keremli hem-de bereketli toprak. Bu ýerde bitýän gök-bakja hem-de miwe önümleri özüniň tagamlylygy, ýokumlylygy, şonuň bilen birlikde hem bejerijilik häsiýetleri bilen tapawutlanýar. Şeýle ösümlikleriň biri hem halk lukmançylygynda giňden ulanylýan, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynda ady tutulýan we melhemlik häsiýetleri doly açylyp görkezilýän sarymsakdyr.
Sarymsagyň mundan 4 müň ýyl ozal Merkezi Aziýada, Eýranda we Pakistanda ekilendigi, ondan soňra dünýäniň beýleki ýurtlaryna ýaýrandygy, onuň halk lukmançylygynda giňden peýdalanylandygy barada maglumatlar bar.
Şu oba hojalyk möwsüminde ýurdumyzyň Lebap welaýatynyň ähli etraplarynyň daýhan birleşiklerinde we daýhan hojalyklarda geljek ýylyň hasyly üçin 450 gektar ýerde sarymsak ekmek meýilleşdirilip, bu möhüm çäre üstünlikli tamamlandy. Ýeri gelende welaýatda sarymsagyň dünýäniň iň kämil sarymsak ekijileriniň kömegi bilen ekilendigini, onuň bolsa ekişi agrotehniki talaplara laýyklykda geçirmekde we doly gögeriş almakda aýratyn ähmiýetiniň bolandygyny belläp geçmek möhümdir. Welaýatyň Çärjew etrabynda 130, Saýat etrabynda 108, Hojambaz etrabynda hem 71 gektar ýerde sarymsak ekilendiginden çen tutsaň, bu etraplaryň lebaply ekerançylaryň öňde goýan belent maksatlaryna ýetmeklerine aýratyn goşant goşjakdyklaryna göz ýetirmek bolýar. Häzirki wagtda bu örän ähmiýetli ekine ideg işlerine girişildi. Welaýatyň etraplarynda bu ugurda alnyp barylýan işler sarymsagyň bol hasylynyň kemala getiriljekdigine güwä geçýär.
Gündogar sebitde meýilnama boýunça göz öňünde tutulan 900 gektar ýerde güýzlük soganyň hem ekişi tamamlanyp, häzirki wagtda agrotehniki kadalara laýyklykda ideg etmek işleri dowam etdirilýär. Möhüm azyklyk ekinleriniň biri bolan soganyň welaýatda ýylyň-ýylyna bol hasylynyň kemala getirilmegi lebaply gök ekerançylaryň bu ekine hyzmat etmekligiň abyny-tabyny ele alandyklaryna şaýatlyk edýär. Welaýatyň ýokarda agzalan Çärjew, Hojambaz we Saýat etraplarynda degişlilikde 280, 250 hem-de 150 gektar ýerde güýzlük soganyň ekilendigini, bu ekine ideg işleriniň talabalaýyk alnyp barylýandygyny belläp geçmek bolsa, bu etraplaryň ekerançylarynyň Gündogar sebitiň zähmetsöýer daýhanlarynyň zähmet üstünligine mynasyp goşant goşjakdyklaryna bolan ynamyňy berkidýär.