Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň guramagynda Lebap welaýatyň gümrük gullugynda «Döwrebap gümrük syýasaty – kuwwatly daşary söwdanyň kepili» atly pudagara okuw-maslahaty geçirildi.
Pudagara okuw-maslahatyna Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçylary, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ösümlikler boýunça döwlet karantin gullugynyň we Döwlet weterinariýa gullugynyň hünärmenleri, «Türkmendemirýollary» we «Türkmenawtoulaglary» agentlikleriniň işgärleri, «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň, «Türkmen Logistika» assosiasiýasynyň agzalary we başga-da birnäçe ulag-logistika kompaniýalarynyň wekilleri, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň Lebap welaýat komitetiniň hünärmenleri hem-de hususy telekeçiler gatnaşdylar.
Okuw-maslahatynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda ýerli çig mal serişdelerini netijeli ulanmak arkaly daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan bäsdeşlige ukyply önümleriň önümçiliginiň durnukly ösüşini üpjün etmek bilen, taýýar milli önümlerimiziň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak boýunça kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy tarapyndan amala aşyrylýan işler barada giňişleýin bellenip geçildi.
Çykyşlaryň dowamynda gümrük dolandyryşynda özgertmeleri amala aşyrmak, gümrük kanunlaryny we eksport işlerini düzgünleşdirýän düzgünleri kämilleşdirmek meselelerine-de garaldy we serhetlerden geçilende gümrük düzgünlerine laýyk gelmek, eksportçylara artykmaçlyklary döretmek, şeýle hem okuw-maslahatyna gatnaşyjylary gyzyklandyrýan beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.