Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň bank pudagynyň işgärlerine we Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halkyna Türkmenistanyň milli walýutasy – manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli Gutlagynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň mundan beýläkki ösüşi üçin pul-karz syýasatyny döwrebaplaşdyrmagyň we bank ulgamynda ösüş gazanmagyň ähmiýeti bellenildi.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň banklary hususy we korporatiw müşderilere hasaplara hyzmat etmek, plastik kartlary we dürli karzlar bermek, onlaýn hyzmatlar bermek bilen birlikde önümleriň we hyzmatlaryň giň toplumyny hödürleýär.
Bank müşderileri el telefonynyň, IP-TV-niň we internet hasaplaryny doldurmak üçin «Internet-bank», «Mobile-bank» ulgamlarynyň hyzmatlaryndan peýdalanýarlar, ýörite programmalar arkaly demir ýol ulaglaryna we şäherara awtobuslara petek satyn alýarlar. Nagt däl tölegleriň sanyny we möçberini artdyrmak üçin müşderilere «keşbek» hyzmaty berilýär – söwda edeniňizde serişdeleriň bir bölegi bank kartyna gaýtarylyp berilýär.
«Altyn Asyr» bank kartlarynyň eýelerine «Owerdraft» bank karzy teklip edilýär. Ýokary göterimli goýumlar ilat arasynda meşhurdyr.
Ýurdumyz hemişe milli ykdysadyýetiň önümçilik pudaklaryny ösdürmäge, kiçi önümçilikleri höweslendirmäge, ilata karzy maliýeleşdirmegiň möçberini ýokarlandyrmaga bölünip berilýän karz serişdeleriniň mukdaryny köpeltmäge üns berýär. Mysal üçin, Türkmenistanyň «Halkbank» Döwlet täjirçilik banky kiçi we orta telekeçiligi goldamak, önümçilik maksatlary, oba hojalyk önümlerini öndürijilerine döwlet goldawy, şeýle hem milli programma üpjünçiliginiň önümleriniň döredilmegi we öndürilmegi, satyn alynmagy hem-de işe girizilmegi we beýleki maksatlar üçin dürli karzlary berýär.
Söwda-hyzmat nokatlarynyň eýelerine we müşderilerine amatly şertleri döretmek üçin «Halkbank» Döwlet täjirçilik banky sanly bank önümi bolan «Halkbank terminaly» täze hyzmatyny hödürledi. «Halkbank terminal» programmasyny el telefonyna gurnan bank müşderileri harytlar we hyzmatlar üçin tölegleri kabul edip bilerler, amallary ýatyryp hem-de yzyna gaýtaryp bererler, kassa ýazgysyny ýapyp, netijeleri jemläp we töleg taryhyny görüp bilerler.
Karzyň maliýeleşdirilmeginde ýaşlara goldaw bermäge aýratyn üns berilýär. Mysal üçin, «Rysgal» Paýdarlar täjirçilik banky Türkmenistanyň çägindäki ýokary okuw we ýörite orta mekdeplerde okaýan talyplaryň hossarlaryna okuwa tölemek üçin karz berýär. Ýaş maşgalalaryň durmuş-ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak üçin bank nagt we nagt däl görnüşlerde az göterimli maşgala karzlaryny berýär.
«Rysgal» Paýdarlar täjirçilik bankynyň müşderileri diňe öýjükli el telefonyndan peýdalanyp, hasabyny çalt we amatly doldurmak üçin «Qrcode» töleg ulgamyny ýa-da elektron ykjam gapjyk - «Rysgal Pay» ýaly häzirki zaman bank hyzmatlaryny ulanyp bilerler. Sanly tehnologiýalaryň mundan beýläk-de ösmegi bilen ulanyja elektron pul saklamaga we olaryň kömegi bilen internetde nagt däl tölegleri amala aşyrmaga mümkinçilik berýän ykjam enjamlara oturdylan şeýle programmalar ýurdumyzyň bank ulgamynda barha köp ulanylar.