Aşgabadyň «Altyn asyr» toparynyň futbolçylary AFK-nyň kubogy-2023/24 ýaryşynda Merkezi Aziýa «E» toparynda üçünji tapgyrdan soň ikinji orny eýeledi. Kantdan Gyrgyzystanyň «Abdyş-Ata» we Kulýabdan Täjigistanyň «Rawşan» we Türkmenistandan Marynyň «Merw» toparlary ýaryşyň indiki tapgyryna ýeke-täk hukuk ugrunda göreşýärler.

Iki türkmen toparynyň Aziýada ähmiýeti boýunça ikinji derejeli klublar kubogy ugrunda bir toparda ikinji gezek bäsleşýändigi bellärliklidir. Bäş ýyl mundan ozal AFK-nyň kubogynyň taryhynda şeýle ýagdaý bolupdy, onda Türkmenistandan iki futbol topary – «Altyn asyr» we «Ahal» «D» topar düşüpdi. Olaryň biri – «Altyn asyr» ýaryşyň finalyna çenli ýetipdi.

AFK-nyň kubogy ugrunda häzirki ýaryşda «Altyn asyr» ýurdumyzyň wise-çempiony derejesinde çykyş edýär. Türkmenistanyň 2022-nji ýyldaky çempionatynyň bürünç medalynyň eýesi «Merw» Gyrgyzystanyň Naýbaşy kubogyň häzirki üç gezek ýeňijisi we wise-çempiony Oş şäheriniň «Alaý» futbol toparyndan öz meýdançasyndaky saýlama oýunda 1:0, myhmançylykda Täjigistanyň 2022-nji ýyldaky çempionatynyň bürünç medalynyň eýesi «Hujandyndan» 2:1 hasabynda üstün çykyp, ýaryşyň topar tapgyryna çykdy.

Birinji tapgyrda «Merw» «Rawşan» bilen 0:0 hasabynda deňme-deň oýnap, utuk gazansa, «Altyn asyr» Gyrgyzystanyň «Abdyş-Ata» futbol toparyndan - 0:3 hasabynda ýeňildi.

Şondan soňky tapgyra türkmen toparlary, hamala, dilleşen ýaly öz meýdançasyndaky oýunlaryny 1:1 hasabynda deňme-deň tamamladylar. 1:0 hasabynda öňe çykan «Merw» «Abdyş-Ata» bilen geçirilen duşuşykda ýeňşini elden giderdi. «Altyn asyr» bolsa 0:1 hasabynda ýeňilip durka «Rawşan» bilen oýunda deňlik gazandy.

Türkmen toparlarynyň biri-biri bilen duşuşan üçünji tapgyryndan öň 2 utuk bilen ikinji orunda barýan «Merw» öňdeligi eýelän «Abdyş-Atadan» 2 utuk yzdady, «Altyn asyr» bolsa 1 utuk bilen sanawyň soňundady.
Oýnuň birinji ýarymy iki topara-da üstünlik getirmedi. 60-njy minutda «Merw» erkin urgusyna hukuk gazandy. Kemal Annamuhammedow topy jerime meýdançasyna geçirmekçi boldy, ýöne pökgini derwezäniň ýokarky burçuna gönükdirip, hasaby açdy.
Esasy wagtyň gutarmagyna 6 minut galanda «Merwiň» goragçysy Şazada Bäşimow jerime meýdançasyndan topy kellesi bilen urup, öz jerime meýdançasyndan çykarmakçy boldy, ýöne ony başarmady. Rahman Myratberdiýew 13 metrden güýçli urgy bilen hasaby deňledi - 1:1. Oýna goşmaça wagtyň 7-nji minutynda Selim Nurmyradow 22 metrden jerime urgusyndan «Altyn asyra» 2:1 hasabynda ýeňiş getirdi.
3-nji tapgyryň beýleki bir oýnunda Gyrgyzystanyň «Abdyş-Ata» futbol topary 51-nji minutda Emmanuel Ýagryň geçiren ýeke-täk pökgüsi netijesinde Täjigistanyň «Rawşanyny» 1:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi we «E» toparda 7 utuk bilen öňdeligini berkitdi. «Alyn asyryň» ondan 3 utugy az. «Merwiň» we «Rawşanyň» hersiniň 2 utugy bar.
4-nji tapgyryň oýunlary 9-njy noýabrda geçiriler. Şol gün «Abdyş-Ata» Bişkekde Dolen Omurzakow stadionynda «Rawşan», «Altyn asyr» we «Merw» bu gezek Aşgabat stadionynda ikinji gezek duşuşarlar, şonda «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň toparynyň oýunçylary meýdança eýeleri hökmünde çykyş ederler.