Ýokary liganyň klublarynyň arasynda Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 20-nji tapgyry Aşgabatda iki oýun bilen başlandy.
«Nusaý» stadionyna, ilki bilen, Türkmenbaşy şäherinden «Şagadamyň» we «Arkadagyň» futbolçylary girdi.
Türkmenistanda döwlet ähmiýetli ilkinji «akylly» şäheriň milli çempionatda ilkinji gezek çykyş edýän toparyndan Şanazar Tirkişow 16-njy minutda hasaby açdy. 28-nji minutda Türkmenistanyň geçen ýylky çempionatynyň iň köp pökgi geçiren oýunçysy Didar Durdyýew 11 metrlik jerime urgusyndan «Arkadagyň» artykmaçlygyny artdyrdy.
Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň ozalky tanymal futbolçysy Begençmuhammet Kulyýewiň oýunçylary aňsatlyk bilen ýene bir ýeňiş gazanaýjak ýalydy. Emma bu beýle bolmady. 64-nji minutda Yhlas Magtymow bir pökgi geçirdi we 83-nji minutda derwezä ýene bir top salyp, hasaby deňledi – 2:2.
Goşmaça berlen wagtyň 6-njy minutynda Begmyrat Baýow emin Akmyrat Gurbanowyň «Şagadamyň» derwezesine bellän 11 metrlik jerime urgusyny dürs urup, toparyna ýeňiş getirdi.
3:2 hasabynda ýeňiş gazanan «Arkadag» 17 oýunda 51 utuk toplap, öňdeligini berkitdi. «Aşgabat» bilen oýny soňa goýlan «Altyn asyr» öňdebaryjydan 13 utuk az toplap, ikinji orunda barýar.
Soňra «Nusaý» stadionynda «Ahalyň» we «Nebitçiniň» oýunçylary duşuşdylar. 12-nji minutda Elman Tagaýew «Ahaly» öňe çykardy – 1:0. Ýöne birinji ýarymyň ahyrynda myhmanlar iki gezek güýçli hüjüm etdiler we öňe saýlandylar. «Nebitçi» toparyndan Akmämmet Metdäýew (36-njy minutda) we Serdar Tükiýew (39-njy minutda) pökgi geçirdiler.
Duşuşygyň ikinji ýarymynda birnäçe oýunçy meýdançadan çykaryldy. Ilki 51-nji minutda «Nebitçi» azlykda galdy – sary kartoçkalary köp alanlygy üçin Elýas Akyýew meýdançadan gitdi. Şondan 14 minutdan soň oýnuň emini Arslan Goşşanow ýene üç oýunçyny meýdançadan çykardy: Balkanabadyň toparyndan Döwran Berdiýew we Wezirgeldi Ilýasow iki sany sary kartoçka üçin oýundan gitse, «Ahaldan» toparyň kapitany Elman Tagaýew meýdançadan çykaryldy.
89-njy minutda meýdança eýeleri 11 metrlik jerime urgusyna hukuk gazandylar. «Ahalyň» goragçysy Şöhrat Söýünowyň urgusy şowly bolmasa-da, ýöne ol yzyna gaýtarylan topy derwezä salmagy başardy. Netijede, «Türkmennebitönumleri» Baş müdirliginiň topary ýeňlişden gutuldy – 2:2. Şeýlelik bilen «nebitçiler» ikinji orunda barýan «Altyn asyrdan» aratapawudy 6 utuga çenli azaltmak mümkinçiligini elden gidirdiler.
Şu oýundan soň «Nebitçi» 30 utuk toplady. Dördünji orunda barýan «Köpetdagyň» ondan 9 utugy az. 20 utugy we bir oýny az oýnan «Ahal» ýaryşda «Aşgabat» bilen bäşinji orny paýlaşýar.
Futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 20-nji tapgyry «Altyn asyr» – «Aşgabat» we «Energetik» – «Merw» toparlarynyň duşuşygy bilen tamamlanar.