Ï Önümçilik borçnamasyndan hem artyk hasyl alyndy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Önümçilik borçnamasyndan hem artyk hasyl alyndy

view-icon 5662
Önümçilik borçnamasyndan hem artyk hasyl alyndy

Daşoguz welaýatynda gök we ýagly ekinleriň käbir görnüşlerinden bol hasyl alyndy. Şeýlelik bilen, şu ýyl 7300 gektar meýdanda ekilen mäşden ýygnalan hasyl 32 tonnadan geçdi, noýba we künji ekilen meýdanlardan hem ýygnalan hasyl ep-esli köp boldy.

Sebitdäki bu ekinleriň esasy öndürijileri S.Türkmenbaşy adyndaky we Akdepe, Köneürgenç etraplarynyň daýhanlarydyr.

Boldumsaz etraby hem şu ýyl bir ýarym müň tonnadan gowrak mäş, 120 tonna noýba we 45 tonna künji hasylyny alyp, gymmatly önümleri esasy üpjün edijileriň birine öwrüldi. Ekin meýdanlaryndan ýygnalan ähli ekinleriň hili synag edildi we olaryň dogry saklanmagyny üpjün etmek üçin zerur çäreler geçirildi.

Ýurdumyzyň demirgazygynda ýerleşýän Daşoguz welaýatynyň howa şertleri ýerli daýhanlardan köpçülikleýin önümçilik üçin iň amatly ekinleri saýlamakda berk çemeleşmegi talap edýär.

Ekin dolanyşygynda möhüm ähmiýete eýe bolan mäş, suwy az atalap edýän we dürli kesellere çydamly bolan noýba diňe bir sarp ediş bazaryny gymmatly hem-de ýokumly önümler bilen doldurmaga kömek etmän, topragyň meliorasiýa düzümini hem gowulandyrýar. Künji hem ýagly ekinlerden biridir we gurak şertlerde-de gowy hasyl berýär.

Elbetde, köp mukdarda ösdürip ýetişdirmek üçin möhüm zatlaryň biri hem mäşiň, noýbanyň we künjiniň ýokumlylygydyr we saglyk üçin örän peýdalylygydyr, şonuň üçin hem gadymy döwürlerden bäri olar dürli ýerli tagamlarda üýtgewsiz ulanyp gelinýär.