Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, energetiki desgalarda sazlaýyş-synag we abatlaýyş işlerini alyp barýan «Türkmen ýyldyzy» hususy kärhanasynda dürli güýjenmeli elektrik energiýasyny sarp edijilere geçirmeklige niýetlenen açyk we daşy izolirlenen elektrik geçiriji simleriniň hem-de kabelleriniň dürli ölçegdäki görnüşlerini öndürmekligiň tehnologiýasy önümçilige ornaşdyryldy. Bu önümçiligiň ýola goýlanyna köp wagt geçmedik hem bolsa, kärhananyň «Gerim» haryt nyşanly elektrik geçirijilerine diňe bir hususy kärhananyň ýerleşýän sebiti bolan Lebap welaýatynda däl, eýsem, ýurdumyzyň ähli künjeginde hem uly islegiň bolmagy bu ýerde önümçiligiň tehniki talaplara doly laýyk ýola goýlandygynyň subutnamasydyr.

Kärhanada elektrik geçiriji simleriň we kabelleriň 30-dan gowrak görnüşi – şol sanda, alýuminiý metalyndan ýasalýan, daşy açyk görnüşdäki elektrik geçirijileriniň, ýagny elektrik simleriniň A-16-dan A-70-e çenli 5 görnüşi, alýuminiý hem-de polat metallaryndan bilelikde taýýarlanylýan, uzak aralyklara iberilýän ýokary güýjenmeli elektrik geçiriji ulgamlaryna niýetlenen AS-50/8, AS-70/11 hem-de AS-95/16 görnüşleri öndürilýär. Şonuň bilen birlikde, kärhanada desgalardyr binalara, ýaşaýyş jaýlaryna elektrik energiýasy geçirilende peýdalanylýan daşy izolirlenen elektrik geçiriji simleriň APW-1x10, APW-1x16 ölçegdäki bir hatarly görnüşleriniň, APPW-2x2,5, APPW-2x4 hem-de APPW-2x6 ölçegdäki iki hatarly görnüşlerini öndürmeklik ýola goýlupdyr.

Gerimi barha giňeýän bu kärhanada elektrik enjamlarynyň we geçirijileriniň önümçilik zerurlygy göz öňünde tutulyp, dürli görnüşli elektrik geçiriji kabellerini öndürmeklik hem önümçilige ornaşdyrylypdyr. Bu ýerde iki elektrik geçirijisi bolan dürli ölçegdäki kabelleriň 4 görnüşi, şeýle hem 4 we 5 elektrik geçiriji hatary bolan dürli ölçegli kabelleriň 6 görnüşi öndürilip, ýurdumyzyň dürli künjeklerine – sarp edijilere ugradylýar. Häzirki wagtda bu ýerde misden bolan izolirlenen geçirijileri we kabelleri öndürmek işleri hem taýýar edilipdir. Bu bolsa «Gerim» hil nyşanly önümleriň geriminiň barha giňelýändigine şaýatlyk edýär.

Kärhanada önümleriň ussat hünärmenler tarapyndan erk edilýän, dünýäniň Germaniýa, Awstriýa, Ýaponiýa ýaly ösen döwletlerinden getirilen elektrik enjamlarynda öndürilýändigini, geçirijileriň hil derejesiniň we ulanylyş möhletiniň dünýä ülňülerine laýyk gelýändigini belläp geçmek hem möhümdir.
Kärhana boýunça geçen 2022-nji ýylyň bütin dowamynda 3 million 845 müň 340 metr elektrik geçirijileri öndürilen bolsa, 2023-nji ýylyň häzirki döwrüne çenli bu görkezijiniň eýýäm iki essä golaý artandygyny buýsanç bilen bellemek bolar.

Kärhananyň Malaýziýanyň «Petronas», Birleşen Arap Emirlikleriniň «Dragon oil», Türkiýäniň «Çalyk energi», «Visor», Hytaýyň «SMPS» kompanýalarynyň elektrik enjamlarynyň abatlaýyş we beýleki işlerini amala aşyrmaga gatnaşýandygy onuň tutumynyň uludygyndan habar berýär. Şonuň bilen birlikde, kärhana tarapyndan «Türkmengaz» döwlet konserni we ýurdumyzda hereket edýän hususy kärhanalaryň birnäçesi bilen hem hyzmatdaşlyk ýola goýlupdyr. Bu kärhananyň Aşgabat şäherinde we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda hyzmat ediş bölümleriniň bardygyny hem belläp geçmek bolar.
«Türkmen ýyldyzy» hususy kärhanasynda önümçiligiň gerimini mundan bu ýana-da giňeltmek maksady bilen yzygiderli gözlegler dowam etdirilýär. Bu bolsa ýurdumyzyň elektrik ulgamy üçin zerur bolan ýokary hilli elektrik enjamlaryny ýeterlik mukdarda öndürmeklige, bu ugurda dürli hyzmatlary ýerine ýetirmeklige mümkinçilik berer.