Ï Aşgabatda sanly ulgam boýunça hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda sanly ulgam boýunça hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

view-icon 5043
Aşgabatda sanly ulgam boýunça hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
camera-icon
Meretdurdy Rozyýew

Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2023» atly XVI halkara sergisiniň hem-de ylmy maslahatynyň öňüsyrasynda - 8-nji noýabrda paýtagtymyzyň “Arçabil” myhmanhanasynda GDA agza ýurtlaryň Aragatnaşyk boýunça sebit arkalaşygynyň (ASA) administrasiýalarynyň ýolbaşçylar geňeşiniň 59-njy mejlisi hem-de GDA agza ýurtlaryň ASA-nyň ýanyndaky maglumat boýunça utgaşdyryjy geňeşiniň bilelikdäki 29-njy mejlisi geçirildi. 

Onuň gün tertibine sanly ösüş ulgamynda ileri tutulýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak, göz öňünde tutulan meýilnamalary ýerine ýetirmek, GDA agza ýurtlaryň pudak edaralarynyň bu ugurdaky hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek meseleleri girizildi. Şeýle hem GDA agza ýurtlaryň ASA administrasiýalarynyň ýolbaşçylar geňeşiniň başlygynyň orunbasaryny, GDA agza ýurtlaryň ASA-nyň ýanyndaky maglumat boýunça utgaşdyryjy geňeşiniň orunbasaryny, ASA-nyň Baş direktoryny we Ýerine ýetiriji komitetiniň orunbasaryny nobatdaky döwür üçin bellemek, ASA-nyň administrasiýalarynyň ýolbaşçylar geňeşiniň 60-njy hem-de GDA agza ýurtlaryň ASA-nyň ýanyndaky maglumat boýunça utgaşdyryjy geňeşiniň 30-njy bilelikdäki mejlisini geçirmegiň wagty we ýeri barada birnäçe meselelere garaldy. 

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan ASA-nyň — elektrik we poçta aragatnaşyk ulgamynda sebit hyzmatdaşlygyny amala aşyrýan guramanyň doly hukukly agzasy bolup durýar. Bazar giňişliginiň globallaşmagy hem-de maglumat tehnologiýalarynyň ulanylmagy esasy strategik serişde hökmünde maglumatlaryň peýdalanylmagyna esaslanýar.

ASA GDA-nyň elektrik we poçta aragatnaşygy babatda döwletara utgaşdyryjy geňeşiň wezipelerini ýerine ýetirýän, Halkara elektroaragatnaşyk bileleşiginde (HEB) hem-de Bütindünýä poçta birleşiginde (BPB) synçynyň derejesine eýe bolan halkara gurama bolup, halkara we sebit guramalary bilen işjeň gatnaşyklary saklaýar. 

Ýurdumyz maglumat-aragatnaşyk ulgamlarynyň işini kämilleşdirmekde özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmek maksady bilen ASA-nyň agza ýurtlary bilen özara gatnaşyklary pugtalandyrmagy ugur edinýär. Aşgabatda geçirilýän bu halkara düzümiň wekilçilikli maslahaty muňa ýardam eder.

Ýygnananlar mejlisiň çäklerinde Halkara elektroaragatnaşyk birleşiginiň (HEB) Radiaoragatnaşyk assambleýasyna, şu ýylda geçiriljek HEB-iň Bütindünýä radioaragatnaşyk maslahatyna taýýarlygyň jemleýji tapgyrlary, HEB-iň Bilermenler toparlarynyň we Iş toparlarynyň geňeşiniň ýygnagynyň birinji tapgyrynyň, Bütindünýä poçta birleşiginiň (BPB) Adatdan daşary 4-nji kongresinde ASA-nyň administrasiýalarynyň ýolbaşçylar geňeşiniň işiniň netijeleri bilen tanyşdyryldy. Şeýle hem “BPB-niň 27-nji kongresiniň çözgütlerini we 2022 – 2025-nji ýyllar üçin Abijan poçta strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasy” hem-de Ýewropa we Merkezi Aziýa sebiti üçin 2022 – 2025-nji ýyllarda BPB-niň sebit ösüşi boýunça meýilnamasyny geljekde durmuşa geçirmegiň meseleler topumy maslahatlaşyldy. 

2025-nji ýyla çenli Strategiýalaryň düzgünlerine laýyklykda, maglumat jemgyýetini gurmakda we ösdürmekde GDA gatnaşyjy ýurtlaryň hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary kesgitlenildi. Mejlise gatnaşyjylar dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň häzirki meýilleriniň jemgyýetiň ykdysady durmuşynda maglumat tehnologiýalarynyň we bilimleriniň ornunyň giňelmegi bilen berk baglanyşyklydygyny nygtadylar. Ykdysadyýet özgerýär, innowasiýa häsiýete eýe bolýar, bu özgerişlikleriň esasynda bolsa aragatnaşygyň we internetiň ýokary tizlikli giň zolakly ulgamlarynyň giňden ulanylmagy durýar. Häzirki döwürde yzygiderli kämilleşdirilýän tehnologiýa täzeçilliklerini hasaba almak bilen, olary ykdysadyýeti dolandyrmaga ornaşdyrýan ýurtlar bäsdeşlige ukyplydyr. 

ASA-nyň agza ýurtlarynda aragatnaşyk ulgamlarynda aldaw hereketlerine garşy göreşmek, GDA gatnaşyjy ýurtlara döwletleriň binýatlaýyn guramasynyň derejesini bermek, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary pudagynda işleriň guramaçylyk-tehniki we usulyýet üpjünçiligini amala aşyrmak, şeýle hem ASA agza ýurtlarda adam maýasyny ösdürmek boýunça teklipleri taýýarlamak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler beýan edildi. ASA-nyň 2023-nji ýyl üçin girdejiler we çykdajylar meýilnamasyna düzediş girizmek, ASA-nyň 2024-nji ýyl üçin girdejiler we çykdajylar meýilnamasyny hem-de 2025 – 2026-njy ýyllar üçin meýilnamasyny tassyklamak meselelerine garaldy. 

Türkmen tarapyndan çykyş edenleriň belleýşi ýaly, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan has-da ösdürmek boýunça kesgitlän, ileri tutulýan ugurlary tiz senagatlaşdyrmagy göz öňünde tutýar, bu bolsa häzirki wagtda dünýäniň möhüm maglumatlarynyň örän uly möçberini özleşdirmezden, maglumatlary dessin ýagdaýda alyşmazdan mümkin däldir.

Aragatnaşyk torlaryna birikdirilen sanly, kompýuter ulgamlarynyň jemgyýetiň ösüşiniň hem-de ykdysadyýetiň dürli ulgamlaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň baş şertidir. Munuň şeýledigine ykdysady ösüşi işjeňleşdirmäge, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly halkymyzyň durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmagy üpjün etmäge gönükdirilen Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy hem şaýatlyk edýär. 

Ýurdumyzda halkymyzyň gündelik durmuşyny gowulandyrmaga niýetlenilen täze hyzmatlaryň girizilmegine aýratyn üns berlip, dürli programma önümlerini döretmek we ösdürmek babatda ýaş hünärmenleriň hünär endiklerini artdyrmaga gönükdirilen işler alnyp barylýar.

Nygtalyşy ýaly, innowasion ösüş ýoluna düşen ýurdumyz öz öňünde döwrüň talaplaryna laýyk gelýän birnäçe wezipeleri goýdy. Ählumumy maglumatlaşdyrma hem-de internet torunyň giňden ýaýradylmagy ýurdumyzda we jemgyýetçilik durmuşynda düýpli özgertmelere getirip işleriň köpüsini awtomatik usulda dolandyrmaga şert döreder. 

Wekiliýetleriň ýolbaşçylarynyň çykyşlarynda ASA-nyň agza ýurtlarynda maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny ösdürmegiň täze ugurlary beýan edildi. GDA ýurtlarynda tutuş dünýäde internetiň ösmegine uly täsirini ýetirýän 5G tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň mümkinçiliklerine uly üns berildi. 

Aragatnaşyk boýunça sebit arkalaşygynyň (ASA) administrasiýalarynyň ýolbaşçylar geňeşiniň 59-njy mejlisi hem-de GDA agza ýurtlaryň ASA-nyň ýanyndaky maglumat boýunça utgaşdyryjy geňeşiniň bilelikdäki 29-njy mejlisiniň çäklerinde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. 

Şeýle hem, foruma gatnaşyjylar üçin Arkadag şäherindäki Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna gezelenç guraldy. Bu gezelenç daşary ýurtly myhmanlara behişdi bedewleri, şeýle-de täze “akylly” şäheriň gözelliklerini synlamaga we medeni merkezleri bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berdi.