Ï Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň işgärleri statistik iş sanawy üçin täze goşmaça programma bilen tanyşdylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň işgärleri statistik iş sanawy üçin täze goşmaça programma bilen tanyşdylar

view-icon 4362
Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň işgärleri statistik iş sanawy üçin täze goşmaça programma bilen tanyşdylar

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň pudaklaýyn müdirlikleriniň hünärmenleri statistika iş sanawy (SISG) boýunça işlenip düzülen täze programma üpjünçiliginiň aýratynlyklary bilen tanyşdylar.

Degişli okuw Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy bilen bilelikde durmuşa geçirilýän «Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň institusional, statistiki we maglumat-tehniki mümkinçiligini güýçlendirmek» taslamasynyň çäginde guraldy.

Okuwa gatnaşanlar bu programma üpjünçiliginiň täze iş mümkinçiligini öwrendiler. Hususan-da, täze goşundylar arkaly kärhanalar we telekeçiler üçin onlaýn statistik hasabatlary ibermek, statistik gözegçiliginde netijelilik we hasabatlylyk gazanmak maksady bilen müdirligiň hünärmenleri üçin statistik maglumatlaryň parametrlerini sazlamak mümkindir. Işlenip düzülen goşmaça programma ýuridik şahslary hasaba almak işini sadalaşdyrýar, maglumatlara giriş mümkinçiligine eýe bolmaga we olary çaltlaşdyrylan usulda işlemäge mümkinçilik berer. Programma statistik formalary elektron görnüşinde tabşyrmaga-da mümkinçilik berer.

Döwlet statistika komitetiniň hünärmenleriniň bu programmanyň kömegi bilen Türkmenistanyň statistik hasabatyň köp görnüşleri üçin giriş tablisalaryny özbaşdak döredip bilendiklerini bellemelidiris. Mundan başga-da, täze goşulan aýratynlyklar programma üpjünçiligi tarapyndan ýygnalan we gaýtadan işlenýän statistik maglumatlaryň takyklygyny, ygtybarlylygyny we sazlaşygyny üpjün eder.

«Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň institusional, statistiki we maglumat-tehniki mümkinçiligini güýçlendirmek» taslamasy Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň DÖM-däki ösüşi ölçemek üçin, statistik hasabat taýýarlamak ukybyny ýokarlandyrmagy göz öňünde tutýar.