Lebap welaýaty boýunça şu möwsümde 130 müň gektar meýdana galla tohumy sepilip, öňümizdäki ýylda ondan esasy azyklyk önümi bolan bugdaýyň 310 müň tonna hasylyny almaklyk meýilleşdirilýär.
Welaýatda jogapkärli möwsüme ykjam taýýarlykly gelinmegi, kuwwatly tehnikalaryň güýjünden netijeli peýdalanylmagy, işleriň agrotehniki kadalara laýyklykda guramaçylykly alnyp barylmagy özüniň oňyn netijelerini berýär. Şonuň bilen birlikde, jogapkärli möwsümiň – bugdaý ekişiniň bellenilen möhletde tamamlanmagy welaýatyň ähli etraplarynda ekiniň gowy gögeriş gazanylmagyny üpjün etdi. Şu günler bolsa meýdanlarda ýaşyl maýsalara ideg etmek işleri guramaçylykly alnyp barylýar.
Ýeri gelende, şu möwsümde ekerançylyk meýdanlarynda bugdaýyň Russiýa Federasiýasyndan getirilen öz topragymyzda synagdan geçirilip, gowy baha mynasyp bolan ýokary hasyl berýän «Alekseýiç» görnüşiniň 112 müň 863 hem-de «Bezostyý-100» görnüşiniň 16 müň 105 gektar ýerde, şeýle hem türkmen alymlary tarapyndan döredilen «Berkarar», «Garaşsyzlyk», «Bagtyýarlyk», «Sähraýy», «Bitaraplyk» ýaly görnüşleriniň ekilendigini belläp geçmek bolar.
Ekinleri mineral we organiki dökünler bilen iýmitlendirmekde Lebap welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň etraplardaky tehniki hyzmat ediş kärhanalaryna degişli «John Deere» we «Claas» kompaniýalarynyň kuwwatly tehnikalarynyň, şeýle hem kämil tirkeg gurallarynyň ulanylmagy işleriň öndürijilikli we kada laýyk alnyp barylmagyna ýardam edýär.
Häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlara mineral dökünleri bermek, gögeriş we 1-nji ösüş suwlaryny tutmak, haşal otlara garşy göreşmek çäreleri barha ýaýbaňlandyrylýar. Gündogar sebitiň Saýat etrabynda 27 müň 766, Çärjew etrabynda 24 müň 200 gektar, Dänew we Hojambaz etraplarynyň hersinde bolsa 19 müň gektara golaý ýerde bugdaý ekilmegi bu etraplaryň hojalyklarynyň bol galla hasylynyň alynmagyna saldamly goşant goşýandyklaryna şaýatlyk edýär. Welaýatyň ýaşyl maýsaly meýdanlarynda alnyp barylýan toplumlaýyn işler desterhanlarymyzyň bezegi bolan ak bugdaýyň bereketli hasylynyň düýbüniň berk tutulýandygyna şaýatlyk edýär.