Marydaky «Sport toplumy» stadionynda «Merw» topary bilen paýtagtymyzyň «Köpetdag» toparynyň arasynda futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 27-nji tapgyrynyň soňa goýlan oýny geçirildi.
Bu oýundan öň garşydaşlar şu möwsümde iki gezek duşuşypdylar. Maryda geçirilen birinji aýlawdaky oýunda toparlar 2:2 hasabynda deň oýnadylar, paýtagtymyzda geçirilen ikinji tapgyryň oýnunda bolsa «Köpetdag» 4:1 hasabynda ýeňiş gazandy. Üçünji oýnuň ykbalyny 55-nji minutda «Köpetdagyň» futbolçysy Orazgeldi Seýidowyň ýeke-täk pökgüsi çözdi.
Bu ýeňişden soň Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň topary 25 utuk toplap, ozalkysy ýaly dördünji orny eýeleýär. AFK Kubogy 2023/24 ýaryşyna gatnaşýan «Merw» topary 12 utuk bilen 8-nji orunda barýar.
Çempionatda mümkin bolan 54 utukdan 54 utuk toplan «Arkadag» öňde barýar. Ondan bir oýun az oýnan paýtagtymyzyň «Altyn asyr» topary liderden 13 utuk yzda. «Nebitçi» topary 30 utuk bilen üçünji orunda.