Ï Türkmenistanly agyr atletikaçy Meksikada geçirilen ýetginjekler dünýä çempionatynda kümüş medal eýeledi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanly agyr atletikaçy Meksikada geçirilen ýetginjekler dünýä çempionatynda kümüş medal eýeledi

view-icon 5644
Türkmenistanly agyr atletikaçy Meksikada geçirilen ýetginjekler dünýä çempionatynda kümüş medal eýeledi

Türkmenistanly Gaýgysyz Töräýew Gwadalaharada (Meksika) ýetginjekleriň arasynda geçirilýän agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda silterläp, itekläp götermekde we umumy hasapda kümüş medallaryň üçüsine mynasyp boldy.

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 3-nji ýyl talyby 18 sportçynyň medallar ugrunda bäsleşen Olimpiýa maksatnamasyna girmeýän 81 kilograma çenli agram derejesinde şeýle üstünlige ýetdi.

Iki synanyşykda Gaýgysyz Töräýew jemi 335 kg (silterläp - 151 kg, itekläp - 184 kg) ştanga bäs geldi, ol Riýadda (Saud Arabystany) sentýabr aýynda geçirilen dünýä çempionatyndakydan 8 kg az göterdi, şonda türgenimiz itekläp götermekde 193 kg netije bilen bürünç medal eýeläpdi, jemi 343 kg ştanga göterip, 6-njy orna düşüpdi. Netijede, ildeşimiz bürünç medal gazanan Saba Asanidzeden (Gruziýa) 333 kg (149 + 184) 2 kg köp, ýeňiji Ýedige Ýemberdiden (Gazagystan) - 336 kg (145 + 191) bary-ýogy 1 kg az ştanga bäs geldi.

Bu Gaýgysyzyň halkara ýaryşlarynda gazanan ilkinji üstünligi däldir. Şu ýylyň iýun aýynda Gawanada (Kuba) geçirilen Halkara agyr atletika federasiýasynyň (IWF) Olimpiýa saýlama Naýbaşy baýrak ugrunda ýaryşynda synanyşyklarda we jemi 319 kg netije bilen üç kümüş medal gazandy. Iýul aýynda Nýu-Delide (Hindistan) geçirilen ýetginjekler Aziýa çempionatynda itekläp götermekde (178 kg) altyn, silterläp götermekde 147 kg we jemi 325 kg netije bilen iki kümüş medal gazandy. 20 ýaşly sport ussady Gaýgysyz Töräýew Sakarçäge etrabynda tälimçi Şatlyk Durdygylyjowyň elinde agyr atletika bilen meşgullanyp başlady. Häzirki wagtda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Mansur Rejebowyň ýolbaşçylygynda ussatlygyny kämilleşdirýär. 

Türkmenistana ýetginjekler dünýä çempionatynda 6 türgen (4 erkek we 2 gyz) wekilçilik edýär. Erkekleriň arasynda 67 kilograma çenli agramda 270 kg (120 + 150) netije bilen Perhat Bagtyýarow 14 türgeniň arasynda 9-njy, zenanlaryň arasynda 64 kilograma çenli agram derejesinde bolsa 181 kg (80 + 101) netije bilen Gülälek Kakamyradowa 18-nji orny eýeledi.

Bäsleşigiň galan günlerinde türkmen toparynyň düzüminde Enemjan Rüstemowa 81 kg çenli, Resul Rejebow 89 kg çenli we Şahzadbek Matýakubow 96 kg çenli agram derejesinde ýaryşa çykarlar. Gwadalaharada geçirilýän agyr atletika boýunça ýetginjekler dünýä çempionaty 23-nji noýabrda tamamlanar.