Ï «Türkmenistan – maýa goýumlar we ösüş» forumynda ykdysadyýetiň döwlete degişli däl pudagynyň mümkinçilikleri görkezildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Türkmenistan – maýa goýumlar we ösüş» forumynda ykdysadyýetiň döwlete degişli däl pudagynyň mümkinçilikleri görkezildi

view-icon 5142

Londonda «Türkmenistan – maýa goýumlar we ösüş» atly iki günlük forum başlandy, onda diňe bir milli ykdysadyýetiň möhüm pudaklaryndaky ykdysady we maýa goýum mümkinçilikleri däl, eýsem, türkmen telekeçiliginiň ösüp barýan mümkinçilikleri-de görkezildi.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň başlygy Nökerguly Atagulyýewiň forumda meýilleşdirilen çykyşy daşary ýurtly maýa goýujylara we bolup biljek hyzmatdaşlara ýurdumyzyň telekeçileriniň gazananlary, iş mümkinçilikleri we türkmen telekeçileri bilen iş hem maýa goýum hyzmatdaşlygy barada has köp maglumat almaga mümkinçilik berer. «Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygynyň orunbasary Ýazmyrat Hommadowyň çykyşy Türkmenistanyň hususy telekeçiler tarapyndan döredilip, bank pudagynyň iň häzirki zaman akymyna laýyklykda üstünlikli ösýän ilkinji bankynyň işini görkezer.

London forumyna gatnaşmak üçin dürli ugurlarda işleýän onlarça hususy kompaniýa we Türkmenistanyň aýry-aýry kärhanalary-da isleg bildirdi. Olaryň arasynda «Gujurly inžener» we «Döwlet gurluşyk» HJ-leri, «Mizemez gadam» HK, ulag we logistika kompaniýalary, şol sanda «Bir kuwwat» kompaniýasy we azyk önümlerini öndürmäge ýöriteleşdirilen «Balam» konditer fabrigi, «Owadan ülke» HJ, «Nurly meýdan» guşçulyk fermasy we başgalar bar.

Türkmen azyk öndürijileriniň ýokary hilli önümlerine diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, daşary ýurtlarda-da uly isleg bildirilýär. London forumyna gatnaşýan iri tomat öndüriji «Ýigit» HJ Türkmenistanda ilkinji bolup şereketiň önümleriniň hil, howpsuzlyk we ekologik talaplarynyň iň ýokary ülňülerine laýyk gelýändigini tassyklaýan Global G.A.P. şahadatnamasyny aldy. Foruma haryt öndürijilerinden başga-da, döwlete dahylly däl hyzmatlary ösdürýän hususy şereketler hem gatnaşýarlar. Olaryň arasynda foruma gatnaşýan ýokary hilli mahabat, çap we neşirýat hyzmatlaryny hödürleýän «Oguzabat» HJ, şeýle hem meşhur supermarketler ulgamy bolan iri «Halkmarket» bar.