Lebap welaýatynyň oba hojalykçylarynyň ýeralma hem-de gök-bakja ekinlerini öndürmekde eýe bolýan ýokary zähmet görkezijileri bu ugurda işleriň guramaçylykly ýola goýlandygyna we ekinlere daýhan yhlasy bilen hyzmat edilýändigine şaýatlyk edýär.
Gündogar sebitiň öz işine ussat daýhanlary şu ýylda 900 gektar ýere ekilen güýzlük ýeralmadan 12 müň 680 tonnadan gowrak, 475 gektar ýere ekilen käşirden 8 müň 563 tonna hasyl alyp, bu baradaky meýilnamalary artygy bilen berjaý etmekligi başardylar.
Welaýatda ýokary netijeleriň gazanylmagyna ýeralmanyň 4 müň 200, käşiriň hem 5 müň 310 tonnasyny taýýarlan Çärjew etrabynyň, ýeralmanyň we käşiriň degişlilikde 3 müň 500 we 2 müň 340 tonnasyny taýýarlan Saýat etrabynyň, 4 müň 200 tonna ýeralmany Döwlet ammaryna tabşyran Dänew etrabynyň, 1 müň 260 tonna ýeralmanyň we 540 tonna käşiriň ýokary hilli hasylyny öndüren Halaç etrabynyň zähmetsöýer daýhanlarynyň uly goşantlarynyň bardygyny buýsanç bilen belläp geçmek bolar.
Şeýle hem Gündogar sebitde möwsümde 3 müň 100 gektar ýerde mäş, 220 gektar ýerde hem noýba ekilip, degişlilikde 4 müň 702 tonna we 332 tonna hasyl ýygnaldy we we şertnamalaýyn borçnamalar artygy bilen amal edildi. Welaýat boýunça Saýat etrabynyň daýhanlary 2 müň 200 tonna golaý mäşiň, 90 tonna hem noýbanyň hasylyny ýygnap, ýetilen belent sepgide önjeýli goşant goşdular. Bu görkezijiler ekerançylygyň ata-babalarymyzdan gelýän baý daýhançylyk tejribesiniň häzirki zaman ylmynyň gazananlary bilen utgaşdyrylmagynyň, ekerançylar tarapyndan ekinlere yhlasly zähmet siňdirilmeginiň buýsandyryjy jemleridir.
Welaýatda gök-bakja önümleriniň we ýeralmanyň bol hasylynyň kemala getirilmegi ekinleriň sebitiň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hasyl berýän tohumynyň saýlanyp alynmagynyň, ekiş döwründen başlap, önüm ýygnalýança ýokary öndürijilikli, kuwwatly tehnikalaryň güýjünden ýerlikli peýdalanmagyň, möwsümiň bütin dowamynda ekinlere ideg işleriniň agrotehniki kadalaryna laýyklykda amala aşyrylmagynyň oňyn netijeleridir. Ýeralmanyň hem-de gök ekinleriň döwlet meýilnamasynyň sebitiň ähli etraplarynda amal edilmegi, welaýatyň ähli künjeginde işleriň guramaçylykly ýola goýlandygyna şaýatlyk edýär.
Taýýarlanan önümleriň ýeterlik mukdarynyň dükanlara we ak bazarlara, galan böleginiň bolsa Lebap welaýatynyň «Miwe» oba hojalyk senagat birleşigine degişli ýöriteleşdirilen sowadyjy ammarlara iberilýändigini belläp geçmek möhümdir. Munuň özi ýylyň bütin dowamynda ilaty ekologiýa taýdan arassa zerur azyk önümleri – ter we ýokumly gök-bakja we miwe önümleri, ýeralma bilen üpjün etmäge mümkinçilik berýär.