Berkarar döwletimiziň döredip berýän çäksiz möçberli giň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanýan türkmen telekeçileri bu gün täze önümçilik desgalaryny, täsin ymaratlary gurup, olarda dünýä bazarlarynda bäsleşip bilýän dürli harytlary öndürmekde has-da tapawutlanýarlar. Tutuş Diýarymyzda bolşy ýaly, onuň Günbatar sebiti bolan Balkan welaýatynda hem telekeçilik ulgamy döwrebap derejede ösdürilip, belent sepgitlere ýetilýär.
![]() |
![]() |
Welaýatyň Türkmenbaşy etrabynyň Akdaş şäherçesiniň golaýynda «Ak gaýa» hojalyk jemgyýeti hem ençeme ýyl mundan ozal işe girizilen şeýle kärhanalaryň biridir. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan hojalyk jemgyýeti 25 gektara barabar meýdany tutýar. Gurluşyk serişdelerini we gips kartonyny öndürýän bu önümçilik kärhanasy dolandyryşyň kämil tilsimatlarydyr ösen enjamlary bilen birkemsiz üpjün edilipdir. Şeýle bolansoň, kärhanada ýerine ýetirilýän ähli işler kuwwatly tehnologiýalaryň kömegi bilen awtomatlaşdyrylan usulda Merkezi dolandyryş bölüminden amala aşyrylýar. Bu ýerde taýýarlanylýan ýokary hilli gurluşyk garyndy serişdelerine, şeýle-de dürli binalaryň, ymaratlaryň içki gurluşyklarynyň üçek asty, şol sanda diwar örtükleri üçin zerur bolan gips kartonyna içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýär.
Ýeri gelende aýtsak, «Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça döwlet maksatnamasyndan» hem-de «Türkmenistanda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak boýunça döwlet maksatnamasyndan» gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmäge kärhananyň mynasyp goşant goşýandygy bellenilmäge mynasypdyr. Kärhanada her ýylda diwarlary tekizläp, ýylmamak üçin zerur bolan gurluşyk garyndy serişdeleriniň (şpaklýowkanyň) 78 müň tonnasy, gips kartonynyň (alçipamyň) bolsa 8 million inedördül metri öndürilýär. Önümçilik işlerini kadaly ýola goýmak üçin gerek bolan çig mallaryň agramly bölegi hem ýerli Akdaş şäherçesiniň golaýyndaky tebigy känlerden alynýar. Munuň özi, «Ak gaýa» hojalyk jemgyýetinde işleriň çalt depginlerde düşewüntli alnyp barylmagyna, önümleriň sarp edijiler üçin elýeterliligini üpjün etmäge giň mümkinçilik berýär.
![]() |
![]() |
Häzirki wagtda bu ýerde öndürilýän gurluşyk serişdeleridir gips kartony diňe bir ýurdumyza däl, eýsem, daşary ýurtly sarp edijilere hem yzygiderli ugradylýar. Munuň şeýledigine kärhananyň önümlerine Russiýa, Gazagystan, Owganystan ýaly döwletler tarapyndan uly islegleriň bildirilmegem aýdyň şaýatlyk edýär. Täzelikde bolsa «Ak gaýa» hojalyk jemgyýetinde öndürilip başlanan boýaglar «Kent» harytlyk nyşany bilen 10 we 20 kilogramlyk gaplarda müşderilere ýetirilýär. Dürli reňkdäki boýaglar hem owadanlygy, ýokary hil derejesi bilen tapawutlanyp, ösen isleglere mynasyp bolýar.



